
Täzelikler
56

Balkan welaýatynyň çäginde 166 sany umumybilim berýän orta mekdepler, kömekçi mekdep-internaty, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumy, 11 sany mekdepden daşary bilim edarasy, 173 sany mekdebe çenli çagalar edaralary hereket edýär.
Welaýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde geçen okuw ýylynda jemi 7 müň 218 sany mugallym 130 müň 146 okuwça bilim we terbiýe berdiler. Şeýle-de çagalar baglary boýunça 2 müň 132 sany terbiýeçi-mugallym 24 müň 960 çagany terbiýeläp, sowat öwretdiler. Welaýatyň mekdepden daşary bilim edaralarynda 108 sany gurnak ýolbaşçysy hem-de 5 müň 178 çaga bolup, olarda 37 sany ugurly hünärler öwredildi.
Geçen okuw ýylynyň netijeleri boýunça welaýatyň umumybilim beryän orta mekdepleriniň 11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşikleriniň jemleýji döwlet tapgyrynda jemi 27 sany baýrakly orna (2 sany I orun, 4 sany II orun, 21 sany III orun), taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyrynda welaýat boýunça jemi 9 sany baýrakly orna (3 sany I orun, 2 sany II orun, 1 sany III orun, 3 sany höweslendiriji orun) eýe bolundy.
Umumybilim beryän orta mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynyň okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Gyzylarbat etrabyndaky 29-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Merjen Durdyýewa III orna mynasyp boldy.
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň arasynda yglan edilen «Ýylyň mugallymy — 2026» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Hemra Täçgylyjow II orna mynasyp boldy. «Ýylyň terbiýeçisi — 2026» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda bolsa Türkmenbaşy şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Oguljahan Annamuhammedowa höweslendiriji orna eýe boldy. «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda Balkanabat şäherindäki mekdepden daşary bilim edarasynyň müdiri Güljemal Soltanowa I orna mynasyp boldy.
Geçen okuw ýylynda welaýatyň orta mekdepleriniň okuwçylary halkara internet bäsleşiklerinde 1 müň 549 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular.
2025 — 2026-njy okuw ýylynda mekdebi tamamlan uçurymlaryň 8 müň 694 sanysyna orta bilim hakyndaky şahadatnamalar, 8 müň 680 sanysyna hünär bilimi hakyndaky şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Jumagelgi ANNAMÄMMEDOW,
Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.