
Täzelikler
65

Mary welaýatynyň çäginde hereket edýän 398 sany orta mekdepde we 4 sany kömekçi mekdep- internatynda, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda geçen okuw ýylynda 22 müň 872 sany mugallym 401 müň 712 sany okuwça bilim we terbiýe berdiler. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 198-sinde 3 müň 368 sany terbiýeçi 44 müň 807 çaga sowat-terbiýe berdiler.
11-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna okuwçylaryň 211-si gatnaşdy hem-de olar dersler boýunça 104 sany (14 sany I, 38 sany II, 52 sany III) baýrakly orna, taslama (ylmy-döredijilik) bäsleşigine 74 sany okuwçy 42 sany taslama işi bilen gatnaşyp, olaryň 18-si baýrakly orunlara, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça robot tehnikasy ylmy-döredijilik bäsleşigine 2 sany iş bilen okuwçylaryň 4-si gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.
Matematika, fizika dersleri boýunça geçirilen 22-nji Halkara Žautykow olimpiadasynda mekdep okuwçylarymyz 1 sany kümüş we 1 sany bürünç medala, halkara Aziýa Fizika olimpiadasynda bolsa 1 sany bürünç medala mynasyp boldular. Halkara derejesinde geçirilen internet bäsleşigine welaýatyň orta mekdeplerinden gatnaşan okuwçylar 1 sany kümüş, 4 sany bürünç medalyna we 113 sany diploma (I derejeli — 86 sany, II derejeli — 23 sany, III derejeli — 4 sany) eýe boldular.
2025 — 2026-njy okuw ýylynda welaýatyň orta mekdeplerini 24 müň 820 sany uçurym tamamlap, olara umumy orta bilim hakyndaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Atageldi ANNASEÝIDOW,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.