
Täzelikler
58

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026–2027-nji okuw ýylyndan başlap, 5.37.04.29 — «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça täze magistrlik maksatnamasy işe girizildi. Bu täze ugur häzirki zaman energetika pudagynyň ykdysady, dolandyryş, ekologik we sanly ösüş bilen bagly talaplaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy.
Täze magistrlik maksatnamasynyň açylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, energiýa serişdelerini tygşytly peýdalanmak we durnukly ösüş ýörelgelerini giňden durmuşa geçirmek ýaly möhüm wezipeler bilen baglanyşyklydyr. Maksatnama energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy boýunça çuňňur nazary hem-de amaly bilimlere eýe bolan ýokary hünärli magistrleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Täze taýýarlyk ugrunyň esasy maksady — ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti, dolandyrylyşy, strategiki meýilnamalaşdyrylyşy, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylyşy, energiýa netijeliligi, durnukly ösüş we häzirki zaman dolandyryş çözgütleri boýunça giňişleýin bilimlere eýe bolan hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu ugur boýunça bilim aljak 20 sany magistrler kärhanalaryň, pudaklaryň we döwlet derejesindäki ykdysady prosesleri seljermek, dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak, önümçilikde netijeliligi ýokarlandyrmak, ekologik we durmuş jogapkärçiligi ýörelgelerini ulanmak boýunça zerur başarnyklary ele alarlar.
Maksatnamanyň aýratynlygy onuň ykdysadyýet, dolandyryş, ekologiýa, hukuk, jemgyýeti öwreniş, tebigaty goramak we sanly tehnologiýalar ýaly ugurlary özara baglanyşdyrýan toplumlaýyn mazmunyndadyr. Bu bolsa magistrlere diňe bir energetika pudagynyň ykdysady görkezijilerini öwrenmäge däl, eýsem, pudakda durnukly ösüşi üpjün edýän dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamaga hem mümkinçilik berýär.
Täze magistrlik maksatnamasy «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» (EDD strategiýalary) bolup, onuň mazmuny EDD, ýagny ekologik, durmuş we dolandyryş çemeleşmelerine esaslanýar. Halkara tejribede ESG hökmünde giňden ulanylýan bu düşünje daşky gurşaw, durmuş jogapkärçiligi we netijeli dolandyryş ugurlarynyň bitewi ulgamyny aňladýar. Şonuň esasynda magistrlere energetika pudagynyň edara-kärhanalarynda durnukly dolandyryş strategiýalaryny işläp taýýarlamak, ekologik we durmuş töwekgelçiliklerini bahalandyrmak, korporatiw dolandyryşy kämilleşdirmek, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini ulanmak boýunça döwrebap bilimler berler.
Maksatnamanyň taýýarlanylmagynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň «Daşky gurşaw meselelerini, durmuş zerurlyklaryny we ýokary dolandyrylyşy Merkezi Aziýanyň bilim we iş üpjünçiligi ulgamlarynda göz öňünde tutmak» atly ESGCA taslamasyna gatnaşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanan okuw-usuly çemeleşmeler, halkara tejribe we innowasion bilim ugurlary täze magistrlik maksatnamasynyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmaga ýardam berdi.
ESGCA taslamasy Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ESG ýörelgelerini ýokary bilim ulgamyna ornaşdyrmaga, ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçiliklerini ösdürmäge, ylmy-barlag we innowasiýa işlerini güýçlendirmäge, şeýle hem bilim edaralary bilen iş berijileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Bu taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ESGCA merkezini döretmek hem meýilleşdirilýär. Bu merkez täze magistrlik taýýarlygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmäge, magistrleriň ylmy-barlag işlerini döwrebap şertlerde alyp barmagyna mümkinçilik döreder.
«Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» taýýarlyk ugrunyň açylmagy zähmet bazarynyň häzirki zaman talaplary bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda energetika pudagynyň ösüşi, önümçiligiň kämilleşmegi, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we dolandyryş çözgütleriniň ylmy esasda alnyp barylmagy bu ugur boýunça ýokary derejeli hünärmenlere bolan zerurlygy artdyrýar. Şeýle hünärmenler energetika pudagynyň kärhanalarynda ykdysady seljerme, meýilnamalaşdyryş, resurslary dolandyrmak, maliýe-ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmak we durnukly ösüş strategiýalaryny durmuşa geçirmek boýunça iş alyp baryp bilerler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bu ugur boýunça magistrleri taýýarlamak üçin zerur bolan professor-mugallymçylyk, okuw-usuly we maddy-enjamlaýyn mümkinçilikler bar. Institutynyň Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynda degişli ugur boýunça ylmy we amaly tejribä eýe bolan mugallymlar zähmet çekýärler. Kafedranyň mugallymlary ykdysadyýet, energetika, ESG, durnukly ösüş we dolandyryş ugurlary boýunça halkara okuwlaryna gatnaşyp, degişli tejribeleri topladylar.
Täze magistrlik taýýarlygynyň çäklerinde magistrler energetika pudagynyň ykdysadyýeti, daşky gurşawyň ykdysadyýeti, durnukly ösüş, energetika menejmenti, energiýa tygşytlylyk we energiýa netijeliligi, ýangyç-energetika toplumynda resurslary tygşytly peýdalanmagyň döwlet kadalaşdyrylyşy, sebitleýin ykdysadyýet we resurs potensialy, ESG we «ýaşyl» ykdysadyýet, şeýle hem tebigy resurslardan peýdalanmakda sanly tehnologiýalar ýaly ugurlar boýunça ylmy-barlag işlerini alyp bararlar. Magistrleriň önümçilik tejribeligi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde, şeýle hem Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky degişli edara-kärhanalarda geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Bu tejribelik magistrlere nazary bilimlerini amaly iş bilen utgaşdyrmaga, energetika pudagynyň häzirki zaman meselelerini ýerinde öwrenmäge we dolandyryş çözgütlerini taýýarlamak boýunça endikleri ösdürmäge mümkinçilik berer. Okuwyny üstünlikli tamamlan uçurymlar Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň garamagyndaky edara-kärhanalarda, «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň düzümleýin bölümlerinde, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde, şeýle hem beýleki degişli edaralarda zähmet çekip bilerler. Olar energetika pudagynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, energiýa netijeliligi, durnukly ösüş, «ýaşyl» ykdysadyýet, ekologik we durmuş jogapkärçiligi, korporatiw dolandyryş ýaly ugurlar boýunça hünärmen hökmünde iş alyp barmaga taýýarlanylar.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bu ugur boýunça okuw-usuly üpjünçiligi hem yzygiderli ösdürilýär. Energetika pudagynyň ykdysadyýeti kafedrasynda «Energetiki bazar we energiýa söwdasy», «Önümçilik menejmenti», «Energetika önümçiliginiň gurnalyşy» ýaly okuw kitaplary we gollanmalary taýýarlanyldy hem-de neşir edildi. Mundan başga-da, «Energetika pudagynyň ykdysadyýeti» okuw kitaby neşire taýýarlanylýar. Ýangyç-energetika we ykdysadyýet ulgamlaryna degişli ylmy makalalaryň, halkara we döwlet derejesindäki çykyşlaryň, tezisleriň hem-de beýleki ylmy işleriň taýýarlanylmagy bu ugurda ylmy binýadyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.
Täze magistrlik maksatnamasynyň işe girizilmegi Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýokary hünär biliminiň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, halkara tejribä laýyk gelýän bilim maksatnamalaryny ösdürmek, energetika pudagy üçin ýokary derejeli ylmy we amaly taýýarlykly hünärmenleri kemala getirmek ugrunda möhüm ädimdir.Bu maksatnama ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýetini we dolandyrylyşyny çuňňur özleşdiren, durnukly ösüş, EDD/ESG ýörelgeleri, energiýa netijeliligi, tebigy serişdeleriň tygşytly peýdalanylyşy, sanly tehnologiýalar we häzirki zaman dolandyryş strategiýalary boýunça bilimli, giň dünýägaraýyşly hem-de innowasion pikirlenmäge ukyply magistrleri taýýarlamaga giň mümkinçilik döreder.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty