
Täzelikler
180

2026-njy ýylyň awgust aýynyň 28-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Sanly bilimi ösdürmegiň milli ugurlary» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Ylmy-amaly maslahata institutyň professor-mugallymlary, ylmy işgärleri, önümçilikde zähmet çekýän ugurdaş hünärmenler, aspirantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahat öz işini esasy mejlisde we «Ylym-bilim – beýik özgertmeleriň gözbaşy», «Bilim ulgamynda innowasion tehnologiýalar», «Sanly ykdysadyýet we energetiki menejment», «Garaşsyzlyk ýyllarynda energetika pudagynyň ösüşi» hem-de «Energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň tehnologiýalary» atly 5 bölümçede dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatyň dowamynda 100-e golaý ylmy çykyşlary diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Maslahata ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamynda döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty