Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistan – Koreýa: Özara bähbitli bilim gatnaşyklary

28.08.2026

330

Türkmenistan – Koreýa: Özara bähbitli bilim gatnaşyklary

2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonje bilen duşuşdy. 

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasynda bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagta çenli bu ugurda 20-ä golaý ylalaşyklaryň we ähtnamalaryň baglaşylandygy, şeýle hem şu ýylyň sentýabrynda Seul şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Ilkinji Sammitiniň çäklerinde täze resminamalara gol çekilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi. 

Gepleşiklerde ýurdumyzda koreý diliniň öwredilişine ýokary baha berildi. Hususan-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem-de Aşgabat şäheriniň 88-nji orta mekdebinde ýüzlerçe ýaşlaryň koreý dilini öwrenýändigi aýdyldy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän we Bütindünýä Patyşa Sejong adyndaky institutlarynyň arasynda iň göreldeli okuw merkezi diýlip ykrar edilen Patyşa Sejong adyndaky okuw merkeziniň, şeýle-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa we maglumat merkezinde hereket edýän Maglumat elýeterliligi merkeziniň Koreýa Respublikasynyň Milli maglumat jemgyýeti guramasy tarapyndan «2024-nji ýylyň iň gowy Maglumat elýeterliligi merkezi» ada eýe bolandygy aýratyn nygtaldy.

Mundan başga-da, gepleşiklerde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kangwon milli uniwersitetiniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünde durlup geçildi. Hereket edýän Ähtnama laýyklykda, şu ýylyň iýul aýynda institutyň 6 talyby Kangwon milli uniwersitetinde, şeýle hem koreý uniwersitetiniň 8 talyby Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tomusky tejribelik okuwlaryny geçdiler. Şonuň ýaly-da, 2026-2027-nji okuw ýylyna niýetlenen maksatnama laýyklykda, ýakynda institutyň ýene-de 3 sany talybynyň Kangwon milli uniwersitetine bir ýyllyk okuwa iberilendigi aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe anyk teklipler öňe sürüldi. Olaryň hatarynda Koreýa Gaznasynyň goldawy bilen koreý dili mugallymlarynyň ýurdumyzda zähmet çekmegi, oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata Koreý tarapynyň gatnaşmagy, talyplaryň halkara olimpiadalaryna bilelikde taýýarlanmagy, ylmy makalalary özara çap etmek we sanly bilim boýunça tegelek stoluň başynda söhbetdeşlikleri guramak bar. Şeýle-de, Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň durmuş-ykdysady ösüşe ýardam bermek başlangyçlara goldaw bermek üçin niýetlenen tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek maksatly kiçi muzdsuz kömek maksatnamasynyň çäklerinde 2026-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de 2027-nji ýylda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň maddy-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak barada gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek barada meseleler maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň gözýetimini giňeltmäge we bilim ulgamynda täze üstünliklere bilelikde ýetmäge elmydama taýýardyklaryny tassykladylar. Iki dostlukly döwletiň bähbidine alnyp barylýan jogapkärli işleriň we diplomatik tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk rowaç aljakdygyna ynam bildirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz