
Täzelikler
233

2026-njy ýylyň 26-njy awgustyndan 8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şenýan mugallymçylyk uniwersitetiniň binýadynda Bilim ulgamynda işleýän döwlet edaralary üçin Halkara okuw maslahatyna Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri hem gatnaşýarlar. Okuw maslahatyna birnäçe döwletleriň wekillerini olaryň hünär tejribesini ýokarlandyrmak maksady bilen birleşdirýän bu uniwersitetiň hut özi guramaçylyk edýär.
Okuw maslahatynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Hytaýyň bilim ulgamyny dolandyrmak, özgertmeleri geçirmek we sanlylaşdyrmak boýunça häzirki zaman tejribesini öwrenýärler. Maksatnama ýokary okuw mekdepleriniň dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, liderlik häsiýetlerini ösdürmek, medeniýetara kommunikasiýa, şeýle hem «akylly kampus» we «bir mekdep — bir özboluşly at-abraý» düşünjeleri boýunça leksiýalary öz içine alýar.
Nazary sapaklar bu döwletiň Lyaoning welaýatynyň bilim edaralaryna amala aşyrylýan tejribe saparlary bilen utgaşdyrylýar. Olaryň hatarynda tehnologiýa, innowasiýa, psihologik goldaw we olimpiada taýýarlygy merkezleriniň işi bilen tanyşýan Eksperimental mekdebi hem bar. Hytaýyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ýolbaşçylarynyň we professor-mugallymlarynyň çykyşlary bu okuw maslahatynyň ähmiýetini aýratyn artdyrýar. Mundan başga-da, gatnaşyjylar Sýamen uniwersitetine we Şençžen şäheriniň innowasiýa merkezine baryp, ylym, bilim we senagat boýunça özara hyzmatdaşlygyň mehanizmlerini, şeýle hem tehnologik startaplary goldamagyň usullaryny öwrenýärler. Seminar halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we öňdebaryjy tejribäni özleşdirmek üçin netijeli meýdança öwrülýär.
Okuw maslahatyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hünär derejesini ýokarlandyrmakda hemişelik goldaw berýändikleri we uly mümkinçilikleri döredýändikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi