
Täzelikler
144

Bilim hem-de terbiýe örän möhüm pedagogik wezipe bolmak bilen birlikde, tutuş adamzat barlygyny, halklaryň dowamatlylygyny üpjün edýär. Gadymy döwürlerden bäri bu iki düşünje biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, şahsyýetiň kemala gelmeginde we siwilizasiýalaryň ösmeginde kesgitleýji orny eýeläpdir. Dünýä taryhyna, şol sanda Watanymyzyň geçmişine ser salanymyzda, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň we sungatyň galkynyşynyň ýaş nesle berilýän bilime, siňdirilýän terbiýä hem-de tejribä bagly bolandygyny görýäris.
Bilim ynsana dünýäni tanamaga, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny özleşdirmäge, maddy gymmatlyklary döretmäge, terbiýe bolsa alnan bilimiň haýyrly maksatlara gönükdirilmegini hem-de geljekki nesillere geçirilmegini üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimiziň has-da kämilleşdirilmeginiň, döwletimiziň kuwwatlylygynyň yzygiderli artdyrylmagynyň binýady hökmünde ýurdumyzda bilimi, terbiýäni toplumlaýyn esasda ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ösüş strategiýasyna laýyklykda, 2025-2026-njy okuw ýylynda milli bilim ulgamynyň maddy-tehniki binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy, ýaş nesliň milli we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini özünde jemleýän döwrebap şertlerde sagdyn ösmegini, okamagyny, öwrenmegini üpjün etmek bilen bagly meselelere döwlet derejesinde aýratyn üns berildi.
Milli maksatnamalara, konsepsiýalara, strategiýalara laýyklykda, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralarynda bilim işini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek ugrundaky işler guramaçylykly alnyp baryldy. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» tassyklanylyp, ýokary hünär bilimini ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berildi.
Ýurdumyzyň çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde, hünär-tehniki, orta hünär, ýokary hünär bilimi edaralarynda bilim işini nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek ugrundaky işler guramaçylykly alnyp baryldy. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy, okuw-usuly toplumlar taýýarlanyldy. Okuwçy, talyp ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, uly üstünlikleri gazandylar. Nazary bilimler, tejribeler, başarnyklar, endikler esasynda mugallymlaryň ussatlyklary ýokarlandyryldy. «Salam, mugallym!» atly telegepleşik arkaly öňdebaryjy mugallymlaryň döwrebap iş usullary baradaky gymmatly maglumatlar halk köpçüligine ýetirildi.
Geçen okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan ykdysadyýet, makroykdysadyýet, dünýä ykdysadyýeti, maliýe, filosofiýa, ekologiýa, iňlis dili, nazary mehanika, materiallaryň garşylygy, çyzuwly geometriýa we inžener grafikasy, himiýa, biologiýa, informatika, matematika dersleri boýunça halkara olimpiadalaryň, şeýle hem halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 42-si geçirildi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda III halkara matematika olimpiadasy geçirilip, türkmenistanly hem-de daşary ýurtly zehinli ýaş matematikler ýüze çykaryldy.
Mälim bolşy ýaly, Ýakyn we Orta Gündogar, Kiçi Aziýa ülkelerinde esaslandyrylan türkmen döwletlerinde hökümdarlar tarapyndan berlen uly goldawlar ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem-de sungatlaryň ösmegine getiripdir. Beýik Seljuk döwletiniň meşhur weziri Nyzamylmülk tarapyndan Alp Arslan we Mälik şanyň goldawy bilen Bagdatda, Nişapurda we beýleki şäherlerde häzirki zamanyň uniwersitetleriniň ilkinji nusgasy hasaplanylýan Nyzamyýe atly medreseler gurlupdyr, talyplaryň ýaşaýyş üçin çykdajylary döwlet we wakf emläkleri tarapyndan üpjün edilipdir. Dünýäniň dürli künjeklerinden meşhur alymlar hem-de halypalar köşklere çagyrylyp, olaryň işlemegi we nesil terbiýelemegi üçin ähli şertler döredilipdir. Omar Haýýam, Abu Aly ibn Sina, Gazaly, Horezmi ýaly dünýä belli alymlar seljuk we horezmşa hökümdarlarynyň penasynda we goldawynda dünýä meşhur eserlerini ýazypdyrlar. Gadymy ýunan, hindi we pars dillerindäki köp sanly ylmy, şol sanda terbiýe beriji pedagogik mazmunly kitaplar soltanlaryň emri bilen terjime edilip, ylym hazynasyna goşulypdyr. Bu asylly ýörelgeler esasynda dünýä meşhur şahsyýetler, halypa-şägirtlik mekdepleri kemala gelip, ylymlaryň we bilimleriň ösüşine ägirt uly goşantlar goşulypdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli bilim ulgamynyň, professor-mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň Howandary hem Halypasydyr. 2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesinde halkara bäsleşiklerde we sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan ýaşlarymyzyň, olaryň halypalarynyň sylaglanylmagy müňýyllyklardan gözbaş alýan ynsanperwer dessurlarymyzy, şeýle hem halypa-şägirtlik ýörelgelerimizi dabaralandyrdy.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlary hem-de hemaýat-goldawlary bilen ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlary bilen birlikde, ýokary hünär bilimi edaralarynda, ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki hem-de ylmy-taslama merkezlerinde ylmyň we işläp taýýarlamalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça köpugurly düýpli ylmy barlaglar alnyp barylýar. Ylmyň we bilimiň mümkinçiliklerini parahatçylygyň we dostlugyň bähbitlerine gönükdirmek bilen, Uzak Gündogar, Ýuwaş umman we Aziýa sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň ylym we bilim merkezleri, halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ýaýrawy has-da giňeldilýär. Ýurdumyzda ylmy-amaly maslahatlar, sergiler, forumlar, bäsleşikler ýokary derejede geçirilip, ylymda we bilimde gazanylanlar bütin dünýä ýaýylýar. Munuň özi milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan strategiýanyň milli köklere we adamzat gymmatlyklaryna, taryhy tejribä, köpasyrlyk ylmy we medeni dessurlara daýanýandygyny, ösüşe hem-de geljege gönükdirilendigini ykrar edýär. Bu nusgalyk işler bilim ulgamynyň işgärlerini has-da gujur-gaýratly zähmet çekmäge, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzy ylym-bilim öwrenmäge ruhlandyrýar.
2026-2027-nji täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny özgertmek boýunça strategik wezipelerine laýyklykda bilim we terbiýe işi esasy ugurlar boýunça alnyp barlar.
Birinji ugur hökmünde irki çagalyk bilimi — mekdebe çenli döwürde sözleýiş, pikirleniş, döredijilik, sosial başarnyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berler. Türkmen halky perzent terbiýesine sallançakdan başlaýar. Maşgala milli häsiýetiň gözbaşy, sallançak bolsa kämilligiň ilkinji mekdebidir. Çaganyň aň we ruhy taýdan kemala gelmeginde hüwdüleriň, ertekileriň, rowaýatlaryň, nakyllaryň, pederlerimizden gelýän asylly terbiýeçilik kadalarynyň orny ýokarydyr. Täze okuw ýylynda mekdebe çenli bilim edaralary bilen maşgalanyň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyrmak, ata-eneleriň çagalar baglarynyň durmuşyna has-da işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, maşgala terbiýesi bilen çagalar baglarynyň pedagogik usullaryny utgaşdyrmak esasy wezipeleriň biri bolar. Körpeleriň döredijilikli we logiki pikirlenme endikleri, sözleýiş ukyby hem-de baý dil gory, jemgyýetçilik gurşawyna uýgunlaşmak başarnygy interaktiw usullar, sanly akyl oýunlary, innowasion görkezme gollanmalary arkaly yzygiderlilikde ösdüriler.
Ikinji ugur hökmünde bilim we terbiýe işinde milli pedagogik mirasa daýanylar. «Oguznama», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» ýaly dünýä belli gahrymançylykly eposlardaky, «Zöhre — Tahyr», «Şasenem — Garyp», «Ýusup — Ahmet», «Nejep oglan» dessanlaryndaky, Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Magtymguly Pyragy, Gurbanaly Magrupy, Şabende, Seýitnazar Seýdi, Gurbandurdy Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji ýaly beýik akyldarlaryň baý mirasyndaky ynsanperwerlik, watansöýüjilik, ahlak terbiýesine dahylly garaýyşlary häzirki zaman pedagogikasynyň gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylar.
Gorkut ata özüniň dana pelsepesi we pähim-paýhasy arkaly atanyň perzendiniň öňündäki, ogluň pederiniň öňündäki, ulynyň kiçiniň, kiçiniň ulynyň, şeýle-de erkek adamlaryň gelin-gyzlaryň öňündäki mukaddes borçlary hem-de edepleri barada örän gymmatly öwüt-nesihatlaryny miras galdyrypdyr. «Kitaby dädem Gorkut» eposyndaky maşgala agzalarynyň özara sylag-hormaty, nesilleriň arabaglanyşygy we maşgala mukaddesligi milli terbiýäniň kämil mekdebi hökmünde şöhlelendirilip, ýaşlaryň aňyna gahrymançylyk, ulyny sylamak, kiçini ezizlemek ýaly mukaddes duýgulary terbiýeleýär.
XI-XII asyrlarda ýaşan beýik türkmen alymy Mahmyt Zamahşary «Altyn halkalar» atly kitabynda «Bilim kyndyr, sowatsyzlyk bolsa ondanam kyndyr» diýen pelsepesi arkaly bilimiň adama mertebesini beýgeltmäge mümkinçilik berýändigini nesihat edipdir.
Milli pedagogik mirasymyz bize ýaş nesle bilim bermek bilen çäklenmän, onuň ýüregine ýagşylygyň, watansöýüjiligiň, zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň we jogapkärçiligiň tohumlaryny ekmegiň zerurdygyny öwredýär. Ýaş nesil — bilim daragty. Nahalyň ese-boýa galyp, datly miwe bermegi onuň idegine bagly. Diýmek, mugallym özüniň ýaş nesliň bilim daragtynyň bagbanydygy baradaky jogapkärçiligini hiç wagt ýadyndan çykarmaly däldir. Häzirki döwrüň ylmy-tehniki mümkinçilikleri bolsa şol milli gymmatlyklary täze usullardyr tehnologiýalar, bilim serişdeleri arkaly nesilleriň aňyna has täsirli ýetirmäge giň mümkinçilik berýär. Şonuň üçin täze okuw ýylynda milli köklerimize daýanmak bilen dünýäniň öňdebaryjy bilim-tejribesini özleşdirmek, bilim bilen terbiýäniň bitewüligini üpjün etmek, mugallymyň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, ylma we innowasiýalara höweslendirmek, sanly, emeli aň tehnologiýalaryndan maksadalaýyk peýdalanmak ýaly ugurlar boýunça işler täze mazmun bilen dowam etdiriler.
Milli pedagogik tejribämizde aýratyn orun eýeleýän halypa-şägirtlik ýörelgesi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda täze mazmun bilen ösdüriler. Halypa şägirdiniň dünýägaraýşynyň, ahlak ýörelgeleriniň we durmuş maksadynyň kemala gelmegine täsir edýän şahsyýetdir. Şonuň üçin mugallym bilen okuwçynyň, professor bilen talybyň, tejribeli hünärmen bilen ýaş hünärmeniň arasynda döredijilikli, ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklar yzygiderlilikde ösdüriler hem-de kämilleşdiriler. Çünki döwür özgerdigiçe, bilim bermegiň usullary, çagalaryň we ýaşlaryň maglumat bilen işlemek mümkinçilikleri, hünärleriň mazmuny üýtgeýär. Şoňa görä-de, mugallymlar täze pedagogik usullary öwrenerler hem-de tejribelerini baýlaşdyrarlar.
Üçünji ugur hökmünde bilim we terbiýe işinde milli mazmunly döwrebap bilim dünýäniň öňdebaryjy tejribesi, milli taryh, dil, medeniýet, edep-terbiýe bilen sazlaşdyrylar. Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly pederlerimiziň dürdäne öwüt-ündewleri, hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň Watan gymmatlyklary, pähim-paýhaslylyk, danalyk, bilimlilik, halypa-şägirtlik gatnaşyklary baradaky pelsepeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetimizi galkyndyrmagyň, aýratyn-da, bilim işini ylmy-pedagogik nazaryýet taýdan has ähmiýetli guramak we kämil şahsyýetleri terbiýelemek üçin ýolgörkeziji taglymatlardyr. Täze okuw ýylynda mugallymlar tarapyndan bu taglymatlar esas goýujy gollanmalar hökmünde bilim işinde giňden ulanylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen ylmy kesgitlemesi milli buýsanç barada täze terbiýe pelsepesidir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Kämillik her bir ynsan üçin uly mertebe we ýokary derejedir. Üznüksiz öwrenilmeli bilimler we ylymlar, ýadawsyz çekilmeli zähmet kämillige eltýän ýoldur» diýen çuň manyly pähimi bolsa ýokarda agzap geçen milli pedagogik mirasymyzyň häzirki zaman syýasatyndaky dowamatlylygydyr.
Bu taglymatlar ýüregi ýurdumyza, halkymyza söýgüden we wepalylyk duýgusyndan doly, maksady aýdyň Watan perzentlerini terbiýelemegiň pelsepe akabasydyr. Şoňa görä-de, täze okuw ýylynda bu gymmatly taglymatlardan ugur alnyp, ýaşlarda medeniýet, dil, taryh, ruhy-ahlak gymmatlyklary, milli pelsepe, milli däpler, kadalar, gylyk-häsiýetler, ýörelgeler esasynda kemala gelen hem-de bu gün döwletimiziň berkararlygynyň, agzybirligimiziň binýatlaýyn sütünlerini emele getirýän milli dünýägaraýşy terbiýelemek ugrunda işler alnyp barlar. Nesillere tälim-terbiýe bermekde, ylym-bilim, kesp-kär öwretmekde müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirilip gelýän milli tejribelerimiz hem-de häzirki döwrüň öňdebaryjy gazanylanlary döredijilikli utgaşdyrylar.
Dördünji ugur hökmünde bilimiň hilini we netijesini ölçemek görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyna, ýagny okuw maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi bilen birlikde, okuwçynyň we talybyň alan bilimini durmuşda, hünärde we döredijilikde ulanyp bilmegini gazanmak bilen bagly işlere uly orun berler. Bilim ulgamynyň öňünde durýan esasy strategik wezipeleriň biri-de berilýän bilimiň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunda bilimiň netijeliligine diňe okuw maksatnamalarynyň özleşdiriliş derejesi bilen däl, eýsem, ýaşlaryň alan bilimlerini durmuşda, ylmy-barlagda, önümçilikde we döredijilik işinde netijeli peýdalanyp bilmekleri bilen baha bermek möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin täze okuw ýylynda okuwçylaryň, talyplaryň diňe maglumatlary ýatda saklamagyna däl-de, olaryň özbaşdak pikirlenmegine, derňew geçirmegine, meseläniň çözgüdini tapmagyna, döredijilikli çemeleşmegine we täzeçil başlangyçlary öňe sürmegine şert döredýän okuw usullary has-da giňeldiler.
Bäşinji ugur hökmünde mugallymyň täze keşbini kemala getirmek ugrundaky işler dowam etdiriler. Mugallym diňe maglumat beriji däl, eýsem, okuwçynyň pikirlenmesini, gözlegini, döredijiligini we şahsy ösüşini ugrukdyryjy halypadyr. Mugallymyň her bir sözi, göreldesi, sapagy ýaşlaryň durmuş ýolunda öz yzyny galdyrýar. Şonuň üçin mugallymçylyk kärine diňe bir hünär hökmünde däl, eýsem, milletiň geljegini kemala getirmäge hyzmat edýän beýik ynanç we jogapkärçilik hökmünde garamak zerurdyr. Täze okuw ýylynda mugallymlar, bilim işgärleri öz üstünde yzygiderli işlärler, täze pedagogik usullary öwrenerler, tejribesini seljererler we baýlaşdyrarlar, kärdeşleri bilen tejribe alşyp, bilim işine has-da döredijilikli çemeleşerler.
Altynjy ugur hökmünde emeli aň we sanly bilim tehnologiýalary mugallymyň ornuny tutýan serişde däl-de, okatmagyň hilini ýokarlandyrýan gural hökmünde peýdalanylar. Hormatly Prezidentimiziň ösüş strategiýasyna laýyklykda, sanly tehnologiýalaryň we emeli aňyň mümkinçiliklerinden bilim ulgamynda netijeli peýdalanmak öňümizde duran täze wezipeleriň biridir. Bu ugurda esasy maksat tehnologiýany mugallymyň döredijilikli işini ýeňilleşdirýän, okuwçynyň özbaşdak gözlegini höweslendirýän, bilim serişdeleriniň elýeterliligini giňeldýän döwrebap gural hökmünde peýdalanmakdan ybarat bolar. Öňümizdäki okuw ýylynda bilim edaralarynda sanly sowatlylygy ýokarlandyrmak, emeli aňyň mümkinçiliklerinden howpsuz, maksatly we netijeli peýdalanmagyň medeniýetini kemala getirmek boýunça ýörite okuwlar, usulyýet maslahatlary guralar. Şunda sanly sowatlylyk bilen birlikde, maglumatlary saýlap almak, olaryň ygtybarlylygyny seljermek we tehnologiýalardan jogapkärçilikli peýdalanmak başarnyklaryna aýratyn üns berler.
Ýedinji ugur hökmünde hünär bilimi bilen zähmet bazarynyň arabaglanyşygyny — iş berijiler bilen hünär bilimi edaralarynyň hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek ugrunda zerur işler alnyp barlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda täze önümçilikleriň, innowasion ugurlaryň we döwrebap hünärleriň döremegi ýaş hünärmenlerden täze başarnyklary talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, täze okuw ýylynda hünär-tehniki we ýokary okuw mekdepleriniň önümçilik kärhanalary, ylmy merkezler we iş berijiler bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdüriler, talyplaryň amaly başarnyklary kämilleşdiriler. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, hünär-tehniki, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, mekdep müdirleri, synp ýolbaşçylary tarapyndan täze okuw ýylynda mekdep okuwçylarynyň hünär saýlamak meselesine uly üns berler. «Geljegiň hünärleriniň atlasy» boýunça hünärlere ugrukdyryş çäreleri geçiriler. Halkara bilim bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny dünýä ýaýýan zehinli okuwçylary hem-de talyp ýaşlary ýüze çykarmak, halkara ders olimpiadalarynyň gerimini giňeltmek, ýaşlary ylmy-döredijilik işlerine çekmek ugrundaky işlere uly orun berler. Ders, bilim, zehin, intellektual, sport, startap, hakaton bäsleşikleri arkaly mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň «altyn gaznasy» kemala getiriler.
Sekizinji ugur hökmünde bilim işinde ylmy-barlaglara we innowasiýalara daýanylar. Ýokary hünär bilimi edaralarynda hünärmenleri taýýarlamak bilen ugurdaşlykda, ylmy-barlaglaryň we innowasiýalaryň güýji, ýaşlaryň intellektual gory bilen, ýokary okuw mekdeplerini täze bilimleri we tehnologiýalary döredýän merkezlere öwürmek ugrundaky işlere uly orun berler. Ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň ylmy gözleglere irki döwürden çekilmegi, talyplaryň döredijilik we ylmy başlangyçlarynyň goldanylmagy, professor-mugallymlaryň ylmy işleriniň önümçilik, durmuş meseleleriniň çözgüdine gönükdirilmegi ýurdumyzyň innowasion ösüşine goşant bolar. Halkara bilim giňişliginde ýurdumyzyň ornuny has-da pugtalandyrmak, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen birlikde, milli pedagogik tejribämiz dünýä ýaýylar. Milli bilim ulgamynyň ösüşi, daşary ýurt tejribesini kabul etmek bilen birlikde, milletimiziň taryhy-medeni köklerine daýanýan, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän özboluşly bilim nusgasyny kemala getirmek bilen baglanyşykly üpjün ediler.
Ýaşlar biziň Watanymyzyň kuwwatydyr, geljegidir we sarsmaz daýanjydyr. Şonuň üçin hem ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça hem maksatnamalaýyn işler dowam etdiriler. Ylym-bilim dünýäsine çuňdan aralaşyp, ajaýyp üstünlikleri gazanýan okuwçylarymyzyň, talyplarymyzyň, ýaş alymlarymyzyň, ussatlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, döwletimiziň sport abraýyny ýokarlandyrýan türgenlerimiziň, milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek ugrundaky işlere, medeni çärelere, bäsleşiklere, sergilere işjeň gatnaşýan, döwrebap sungat eserlerini, çeper‚ dokumental, animasion filmleri döredýän ýaşlarymyzyň başlangyçlaryny goldamak, zehinlerini wagtynda ýüze çykarmak, höweslendirmek üns merkezimizde bolar.
Milli ýörelgeleri häzirki zaman pedagogikasynyň ylmy gazananlary bilen utgaşdyrmak biziň milli pedagogik mekdebimiziň täze ösüş tapgyry üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder. Bu ugurda milli pedagogik mirasymyzyň durmuşda we okuw-terbiýe işinde amaly taýdan peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berler. Çünki miras, geçmişiň gymmatlygy bolmak bilen birlikde, şu günüň we geljegiň ösüşlerine ýol görkezýän ruhy-ahlak çeşmesidir. Şonuň üçin milli pedagogik mirasymyzdaky terbiýeçilik ýörelgelerini häzirki zaman pedagogikasynyň gazananlary bilen utgaşdyrmak, olaryň ýaş nesliň durmuş başarnyklaryny, özbaşdak pikirlenmesini, döredijilik ukybyny we jemgyýetçilik jogapkärçiligini ösdürmek bilim işiniň esasy netijeleri bolar.
Şeýlelikde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň öňünde diňe täze okuw binalaryny gurmak ýa-da täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen çäklenmeýän, eýsem, bilim bermegiň mazmunyny, usullaryny we netijelerini döwrebaplaşdyrmak, mugallymyň hünär abraýyny, ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak, ýaşlaryň ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini doly açmak, milli terbiýäniň mazmunyny baýlaşdyrmak ýaly düýpli wezipeler hem-de olary amala aşyrmak üçin döredilen uly mümkinçilikler bar. Bu wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň täze ösüş döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, hünär taýdan kämil, milli gymmatlyklarymyza wepaly, döredijilikli ýaş nesli kemala getirmekde bilim işgärleriniň jogapkärçiligi has-da artýar.
Öňümizde duran wezipeleriň her biri bilim ulgamynyň geljegini kesgitleýän möhüm ädimlerdir. Bu wezipeleriň özeninde bir hakykat dur: bilim diňe bir okuw kitabynyň, synp otagynyň ýa-da ýokary tehnologiýanyň çägindäki düşünje däldir. Bilim milletiň ruhy kuwwaty, döwletiň ösüşiniň binýady, maşgalanyň we jemgyýetiň geljege bolan ynamydyr. Şonuň üçin her bir bilim işgäri öz gündelik zähmeti bilen diňe bir okuwçynyň ýa-da talybyň ykbalyna däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegine hem täsir edýändigine pugta düşünmelidir. Ýaş nesle geljegi gurmak üçin zerur bilimleri we başarnyklary bermelidiris. Olarda «Men bu Watanyň geljegine nähili goşant goşup bilerin?» diýen jogapkärçilikli düşünjäni kemala getirmek bilim işiniň iň ýokary netijeleriniň biri bolar.
Täze okuw ýylynda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny özgertmek, ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermek baradaky beýik maksatlaryny hem-de öňümizde goýýan wezipelerini amala aşyrmak biziň esasy borjumyzdyr.
2026-2027-nji okuw ýyly bilim işgärleriniň has-da tutanýerli zähmet çekip, müňýyllyklardan gözbaş alýan hormatly käriň abraýyny hem-de zehin-başarnyklary bilen uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrjak okuw ýyly bolar.
Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky aladalary üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Milli Liderimize egsilmez hoşallygymyzy bildirýäris.
Goý, ýaş neslimiziň bagtyýar durmuşy we eziz Watanymyzyň beýik geljegi rowaç bolsun!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.