
Täzelikler
124

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 1-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy, 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Dabaraly çäräniň başynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýerine ýetirildi. Soňra bolsa, çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlagy okaldy. Dabaranyň dowamynda 1-nji sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli birnäçe çykyşlar, gutlaglar hem-de ýürek buýsançlar diňlenildi. Dabaraly çäräniň dowamynda institutyň ruhubelent talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Soňra, ilkinji jaň kakylyp, 1-nji ýyl talyplar Döwlet baýdagyna tagzym edip, 2026-2027-nji okuw ýylynyň «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly» atly ilkinji okuw sapagyna gatnaşdylar.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň ylym-bilim dünýäsini halkara giňişlikde tanatmakda alyp barýan ägirt uly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözleri aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty