Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

“1-nji Sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Ilkinji okuw sapagy geçirildi

01.09.2026

107

“1-nji Sentýabr – Bilimler we talyp ýaşlar güni” mynasybetli Ilkinji okuw sapagy geçirildi

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 1-nji sentýabrynda giňden bellenilýän “Bilimler we talyp ýaşlar güni” Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde şatlykly we dabaraly ýagdaýda giňden bellenildi. Şeýle hem täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen ilkinji okuw sapagy guramaçylykly ýagdaýda geçirildi. 2026-njy ýylyň birinji ýarymy ýurdumyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýetli buýsançly hem-de guwançly wakalara baý boldy. Ilkinji okuw sapagynyň dowamynda orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary Watanyň beýik geljegi, halkyň ykbaly ugrunda ýokary jogapkärçilik duýgusyna eýe bolan päk ahlakly, hakyky watansöýüji nesilleriň kemala gelmegine, şeýle hem jemgyýetimizde ylmyň we bilimiň gymmatynyň has-da artmagyna oňyn täsiri barada aýratyn belläp geçdiler. Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz