Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

01.09.2026

96

Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda bilim, ylym we ýaşlar syýasaty boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Batyr Mämmedowyň Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlar ministri Giwi Mikanadze bilen duşuşygy geçirildi.

Gruzin wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyrýan häzirki sapary şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Tbilisi şäherinde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamy bolup durýar.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Bilim, ylym we ýaşlar syýasaty iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Taraplar bilim we ylym edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmek, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, akademiki alyş-çalyşlary, bilelikdäki bilim we ylmy maksatnamalary, mugallymlaryň we talyplaryň tejribe alyşmaklaryny ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ýokary we umumy orta bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, sanly tehnologiýalary we emeli aňyň mümkinçiliklerini bilim işine ornaşdyrmak, ylmy-barlag işlerini ösdürmek, şeýle hem bilim, ylym, önümçilik we zähmet bazarynyň arasyndaky arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.

Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge, akademiki hereketliligi we bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi.

Gruzin tarapy hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge gönükdirilen birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Hususan-da, türkmen ýaşlarynyň Gruziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikleri giňeltmek, Türkmenistanda Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň bilim sergisini geçirmek, bilelikdäki ylmy taslamalary goldamak we maliýeleşdirmek, şeýle hem Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň biriniň Türkmenistanda şahamçasyny açmak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Ýaşlar hyzmatdaşlygynyň çäklerinde iki ýurtda gezekleşip geçiriljek tomusky lagerleri guramak, talyp alyş-çalyşlaryny, ýaş alymlaryň duşuşyklaryny hem-de bilelikdäki bilim, ylmy we innowasion taslamalary ösdürmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ozal gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we olarda göz öňünde tutulan ylalaşyklary yzygiderli durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Şeýle hem bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-gruzin Iş toparynyň döredilmeginiň ähmiýeti bellenildi. Onuň iki ýurduň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde hereket etmegi, bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary ara alyp maslahatlaşmagy hem-de gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagy göz öňünde tutulýar.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar bilim, ylym we ýaşlar syýasaty ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, göni gatnaşyklary giňeltmäge we anyk bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Duşuşyk dostlukly we özara düşünişmek ýagdaýynda geçdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz