
Täzelikler
23

Täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we Baky Bitaraplygymyzyň 31 ýyllygynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barylýan günlerinde ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň açylyp ulanylmaga berilmegi döwletimiziň körpe nesil babatynda ägirt uly ünsüniň nobatdaky güwäsidir.
Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tutumly işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy täze üstünliklere, täze sepgitlere ýetmäge uly badalga berýär.
Bagtyýar çagalaryň we nurana arzuwlaryň hasyl bolýan mekany hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda ýaş nesliň asuda we abadan durmuşy üçin amala aşyrylýan beýik işleriň biri hem şu gün Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk geňeşliginde täze döwrebap 28-nji çagalar bakja-bagynyň açylyş dabarasynyň geçirilmegidir. Açylyp ulanylmaga berlen çagalar bakja-bagy 16-topardan ybarat bolup, 320 çaga kabul etmäge niýetlenilen.
Bu çagalar-bakja bagynyň howlusynda, binasynda, degişli otaglarynda milli äheňde körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda bezeg işleri döwrebap geçirilipdir. Çagalar bakja-bagynda körpe neslimiz bilen okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki zaman esaslarynda alnyp barylmagy, olaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, sazlaşykly terbiýelenmegi, göwnejaý dynç almagy üçin ähli zerur şertleriňdöredilmegini buýsanç bilen bellemelidiris.
Ajaýyp çagalar bagyny sowgat eden, biz bilim işgärlerini şular ýaly eşretli durmuşda ýaşadýan, işlemäge, döretmäge, gurmaga, körpejelerimize bilim-terbiýe bermäge, uly mümkinçilikler döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleriniň rowaç almaklaryny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Ahal welaýatynyň Baş bilim müdirliginiň
mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary
edaralar bölüminiň başlygy Güljahan Serhenowa