
Täzelikler
475

Bilşimiz ýaly her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Bu sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk çäreleri guralyp ilkinji jaň kakylyp täze ― 2026―2027-nji okuw ýylyna badalga berildi.
Şeýle baýramçylyk çäresi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde hem geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen gutlagynda: "Bilim ynsan paýhasynyň dowamatly ösüşidir, geçmişiň tejribesi bilen geljegiň innowasiýalaryny birleşdirýän köprüdir. Şoňa görä-de, ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki okgunly ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň jana-jan wezipesi bolup durýar" diýip, belleýär.
Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Olimp orta sport mekdebinde geçirilen baýramçylyk çäresinde "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylynda" ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilen sport ýaryşlarda ýeňiji bolan okuwçy türgenlere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilkler we şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Güljahan AMANOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň “Olimp”
orta sport mekdebiniň mugallymy