Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

03.09.2026

156

Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 2-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Mary welaýat Polisiýa müdirligi bilen bilelikde guralmagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mary welaýat Polisiýa müdirliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda talyp ýaşlara döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň mazmuny, Türkmenistanyň Konstitusiýasy, ýurdumyzyň kanunlaryny we hukuk namalaryny, ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýeti, ýol-ulag hadysalarynyň we kanun bozulmalarynyň öňüni almagyň zerurlygy, tebigaty goramagyň möhümligi, ýaramaz endikleriň zyýanly täsiri, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek bilen bagly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz