
Täzelikler
213

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisonianyň ýolbaşçylygyndaky gruzin wekiliýeti bilen uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ýokary bilim, ylym we hünärmenleri taýýarlamak ulgamlarynda özara tejribe alyşmak, akademiki gatnaşyklary ösdürmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň başynda uniwersitetiň professor-mugallymlary Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ýaşlara häzirki zaman bilimlerini we öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary öwretmek, şeýle hem ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler.
Gruzин wekiliýetiniň agzalaryna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň fakultetleri, kafedralary, taýýarlanylýan hünärler we bilim ugurlary, şeýle hem uniwersitetde alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Myhmanlaryň ünsüne ýokary okuw mekdebiniň işine bagyşlanan gysgaça wideorolik hem hödürlendi.
Duşuşygyň dowamynda uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalary bilen alnyp barylýan netijeli gatnaşyklary barada hem aýratyn bellenildi. Hususan-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň “Dragon Oil” nebit-gaz kompaniýasy, Malaýziýanyň “Petronas” kompaniýasy, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) bilen baglaşylan şertnamalaryň we ähtnamalaryň esasynda birnäçe ýylyň dowamynda ylym-bilim we nebit-gaz ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigi nygtaldy.
Öz gezeginde Gruziýanyň bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministriniň orunbasary Zwiad Gabisonia duşuşygyň ýokary derejede guralandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň işjeňligi, taýýarlanylýan hünärler, bilim maksatnamalary we alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada maglumat berdi. Ol Gruziýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda ozal baglaşylan Ähtnamalaryň esasynda gatnaşyklary has-da ösdürmegiň we täze mazmun bilen baýlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, professor-mugallymlaryň, ýaş alymlaryň we talyplaryň arasynda göni gatnaşyklary giňeltmegiň, tejribe alyşmagyň hem-de bilelikdäki ylmy-barlag işlerini ösdürmegiň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda gruzin wekiliýetiniň agzalary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň işine has ýakyndan tanyşmak maksady bilen ýokary okuw mekdebiniň fakultetlerine, kafedralaryna, muzeýlerine we tejribehanalaryna, Türkmenistandaky Lu Ban ussahanasyna aýlanyp gördüler.
Duşuşyk özara hormat goýmak, hoşniýetlilik we netijeli hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmanyň ýokary derejesi bilen tapawutlandy. Taraplar ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň we täze hyzmatdaşlyk ugurlaryny bilelikde öwrenmegiň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda gruzin wekiliýetiniň agzalary mähirli kabul edişlik we netijeli pikir alyşmalar üçin minnetdarlyk bildirip, hoşlaşdylar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti