
Täzelikler
26

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň ähmiýetine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda geçiren umumy okuw sapagynyň tutuş jemgyýetimizde ýokary ruhubelentlik döreden wakadygyny buýsanç bilen bellediler.
Çykyş edenler öňi bilen professor, akademik, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hormatly doktory, dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hormatly akademigi hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň mugallymçylyk ussatlygyny aýratyn bellediler. «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda beýan edilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew – esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym. Berdimuhamet Annaýew öz döwründe ýaşlara bilim öwretmekde, terbiýelemekde nusgalyk ýol goýan ussat mugallym. Şonuň üçin hem asylly peder ýoluny mynasyp dowam etmek, ösdürmek bilen Gahryman Arkadagymyz bilim işgärlerine hem, mugallymlara hem nusgalyk mekdep döretdi. Hoşallyk maslahatyna gatnaşan syýasatşynaslar, mugallymlar, talyp ýaşlar we mekdep okuwçylary Milli Liderimiziň geçiren umumy okuw sapagy watançylyga, mukaddes Garaşsyzlygymyza, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgesine, umuman, türkmen halkynyň şöhratly taryhyna, bagtyýar şu gününe, röwşen geljegine ýugrulan ylmy nukdaýnazarlar bilen baýlaşandygyny buýsanç bilen nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiziň garry atasy Berdimuhamet Annaýewiň nusgawy ömür ýolunyň, mähriban atasy Mälikguly Berdimuhamedowyň asylly we adalatly durmuş mekdebi, mähriban enesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň el hünäri we asyllylyk nusgasy hem-de mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň nusgawy maşgala terbiýesi bütin türkmen halky üçin bahasyna ýetmejek hazynadygyny buýsanç bilen bellendi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän mukaddes watançylyk, ynsanperwerlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri ýaş nesiller üçin geçmişimiziň şöhratly taryhyny, häzirki döwrüň beýik üstünliklerini we nurana geljegimizi pugta birikdirýän gymmatly taglymatlar, egsilmez terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýändigine, bu mukaddes mekdep ýaşlary beýik maksatlara ruhlandyrýandygyna, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de abadançylygynyň sarsmaz kepili bolup durýandygyna aýratyn ähmiýet berildi.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň peder pentleri esasynda bilim alýan hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda watansöýüjilik, agzybirlik we jebislik duýgularynyň has-da ösdürilmegine gönükdirilen baý many-mazmunly çäreleriň geçiriljekdigini, Gahryman Arkadagymyzyň Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyz, taryhy-medeni gymmatlyklarymyz we milli mirasymyz, döwrümiziň üstünlikleri baradaky dürdäne jümleleriniň esasynda täze okuw kitaplarynyň, okuw-usuly gollanmalarynyň we görkezme esbaplarynyň taýýarlanyljakdygyny, sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmek mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň baş wezipesidigini nygtadylar.