
Täzelikler
27

2026-njy ýylyň 31-nji awgusty — 2-nji sentýabry aralygynda Gruziýanyň Bilim, ylym we ýaşlaryň işleri boýunça ministri Giwi Mikanadzeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzda saparda boldy. Dostlukly döwletiň wekiliýeti türkmen topragynda mähirli garşylandy.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda giňden bellenilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumy açylyp ulanmaga berildi. Bu döwrebap ýokary okuw mekdebiniň açylyş dabarasyna Gruziýanyň wekiliýetiniň hem gatnaşmagy aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde talyp ýaşlar, professor-mugallymlar, hünärmenler üçin zerur bolan ähli amatlyklaryň döredilmegi daşary ýurtly myhmanlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Institutyň täze binalar toplumyndaky baş bina, mejlisler zaly, okuw binalary, müň orunlyk naharhana, kitaphana, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary, sport meýdançalary we beýleki tehniki desgalar, şeýle hem döwrebap enjamlar bilen tanyşlyk myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bu ýokary okuw mekdebinde guralan duşuşyklar bolsa özara tejribe alyşmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi. Wekiliýet agzalary şeýle giň möçberli dabara gatnaşmagyň möhüm ähmiýetlidigini belläp, döwrebap bilimi, sanly tehnologiýalary hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny beýan etdiler.
Dostlukly döwletiň wekiliýet agzalarynyň ýurdumyzyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer bilen duşuşmagy medeni-ynsanperwer çygyrdaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň giň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda aýratyn ähmiýetli boldy. Şunda özara bilim maksatnamalaryny işläp düzmek, bilelikdäki ylmy gözlegleri alyp barmak we ylmy gollanmalary taýýarlamak, talyplaryňdyr mugallymlaryň özara alyş-çalşygyny üpjün etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýolbaşçylarydyr professor-mugallymlary bilen duşuşyklar guralyp, olarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlary dogrusynda pikir alşyldy. Şunda Gruziýanyň degişli ýokary okuw mekdepleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, ylym-bilim ulgamynda türkmen-gruzin gatnaşyklaryny gyzyklanma bildirilýän giň ugurlarda ösdürmegiň, netijede ylmy diplomatiýany has-da ilerletmegiň wajyp ähmiýetine üns çekildi.
Gruziýaly myhmanlar üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanylyp, saparyň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän gruzin şahyry Şota Rustawelliniň heýkeline gül goýmak dabarasy boldy. Munuň özi edebi gatnaşyklaryň taryhy kökleriniň umumydygynyň, halklarymyzda döredijilige, edebiýata ýokary sarpa goýulýandygynyň aýdyň beýany boldy.
Saparyň dowamynda Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç guralyp, myhmanlar medeni mirasymyzyň gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Halkymyzyň milli buýsanjy hem-de dünýäde giňden meşhur bolan nepis halylarymyz dostlukly döwletiň wekiliýet agzalarynda uly gyzyklanma döretdi.
Gruziýanyň wekiliýeti Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara başlangyçlaryna uly ornuň degişlidigini buýsanç bilen nygtap, «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofik ýörelgesi esasynda hoşniýetli gatnaşyklary işjeňleşdirýän, halkara hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkdagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden sagbolsunlaryny beýan etdiler.
Ylýas ŞYHYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby