
Täzelikler
147

2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň sentýabr aýynyň 4-ne tassyklanan meýilnama esasynda sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň çäklerinde Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň arasynda döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň mazmunyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, ýurdumyzyň kanunlaryny we hukuk namalaryny, ýangyn howpsuzlygy kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýetini, ýol-ulag hadysalarynyň we kanun bozulmalarynyň öňüni almagyň zerurdygyny, tebigaty goramagyň möhümdigini, ýaramaz endikleriň zyýanly täsirlerini, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda welaýatyň çägindäki hukuk goraýjy edaralarynyň şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Agzalan meseleler boýunça täsirli çykyşlar çäräniň dowamynda öz beýanyny tapdy. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz buýsançlaryny beýan etdiler.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi