Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY, GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ARKADAG ŞÄHERINIŇ RUHYÝET KÖŞGÜNDE GEÇIREN OKUW SAPAGYNY - TALYPLAR ÜÇIN GYMMATLY MASLAHATLAR

04.09.2026

145

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY, GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ ARKADAG ŞÄHERINIŇ RUHYÝET KÖŞGÜNDE GEÇIREN OKUW SAPAGYNY - TALYPLAR ÜÇIN GYMMATLY MASLAHATLAR

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagyny uniwersitetiň uly Mejlisler zalynda Watan habarlar gepleşiginde tomaşa etdiler.

Bu okuw sapagy ýaş nesliň milli ruhda terbiýelenmeginde, olaryň watansöýüjilik duýgusyny has-da berkitmeginde we halkymyzyň şöhratly taryhyna, baý medeni mirasyna hem-de mukaddes däp-dessurlaryna bolan buýsanjyny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşlary, parasatly pikirleri we ýaşlara bildirýän belent ynamy talyplarda uly täsir galdyrdy. Onuň ýaş nesle berýän gymmatly öwüt-ündewleri bilim almaga, yhlasly zähmet çekmäge, Watana ak ýürekden hyzmat etmäge we ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň netijesinde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler, döwrebap bilim ojaklary we amatly şertler Türkmenistanyň bagtyýar geljeginiň berk binýadynyň tutulýandygyny aýdyň görkezýär.

Biz - ýaşlaryň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda ylym-bilim öwrenip, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmegimiz üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz