Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada syýasy tegelek stol gepleşigi

04.09.2026

149

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada syýasy tegelek stol gepleşigi

2026-njy ýylyň 3-nji sentýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagy barada söhbetdeşlik taýýarlap, teletomaşaçylara hödürledi.

Türkmeniň täze taryhynyň ähmiýetli sahypalary halk bähbitli amala aşyrylýan şanly wakalaryň üsti bilen ýazylýar. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň bellenilýän ýylynyň altyn güýzünde has takygy, 2026-njy ýyl “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenisan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ikinji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde umumy sapak geçdi. Gahryman Arkadagymyz bütin bilim ulgamynyň wekilleriniň howandary. Alym, lukman, mugallym Arkadagymyz bu umumy okuwyna müňlerçe ýaşlar gatnaşdy.

Umumy okuw sapagynyň başynda Alym Arkadagymyz watançylyk temasyna ýüzlenip, watan mukaddesligini anyk deliller bilen düşündirdi. Nakyllardyr atalar sözleri, Pyragynyň döredijiliginden setirler sapagyň täsirini has artdyrdy. Bu umumy okuw sapagy mugallymlara görelde mekdebi boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň oýlanmalary ýaş nesillere atalyk, howandarlyk pendi juda täsirli boldy we ol nesilleriň hakydasynda baky galjak ýakymly ýatlamadyr. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar ine şeýle ýakymly duýgularyny paýlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz