Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi

“Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy – Berkarar geljegiň milli ýörelgesi”

05.09.2026

72

“Gahryman Arkadagymyzyň umumy sapagy – Berkarar geljegiň milli ýörelgesi”

2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň «Ruhyýet» köşgünde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň, mugallymlarynyň, talyplarynyň we okuwçylaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda, Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle hem täze okuw ýylyna bagyşlanan okuw sapagyna bagyşlap, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda wagz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda Milli Liderimiziň ýaş nesliň watançylyk, ylym-bilim we milli gymmatlyklar ruhunda terbiýelenmegi ugrunda öňde goýan belent wezipeleri hem-de gymmatly nesihatlary we beýan eden esasy ugurlary barada çuňňur maglumatlar berildi.

Şeýle hem ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň we innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde ýaşlaryň ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi nygtaldy.

Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplary öz gezeginde döredilip berýän mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz