
Täzelikler
69

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde jemgyýetçilik guramalarynyň, hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleriniň hem-de mekdebiň mugallymlarynyň gatnaşmagynda talyplaryň arasynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” diýen at bilen örän ähmiýetli wagz-nesihat çäresi geçirildi. Ýaşlaryň arasynda hukuk medeniýetini ýokarlandyrmaga, ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmegiň wajyplygyny düşündirmäge gönükdirilen bu duşuşyk gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň dowamynda çykyş eden hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri ýollarda howpsuzlyk kadalaryny saklamagyň diňe bir şahsy jogapkärçilik bolman, eýsem tutuş jemgyýetiň parahatçylygyny we ömrüniň rahatlygyny üpjün etmegiň esasy şerti bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.
Çykyşlarda talyplara pyýada ýolagçylaryň we sürüjileriň hukuklary hem-de borçlary barada giňişleýin maglumatlar berlip, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda her bir adamyň ünsli we jogapkärli bolmagynyň zerurdygy anyk mysallar arkaly düşündirildi. Mekdebiň mugallymlary hem öz gezeginde talyp ýaşlaryň okuwda we durmuşda hemişe göreldeli bolmalydyklaryny, döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçiliklere we amaly wezipelere jogapkärçilikli çemeleşmelidiklerini belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän ähli şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.