Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi

“Bilimler we talyp ýaşlar gününe” bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

05.09.2026

69

“Bilimler we talyp ýaşlar gününe” bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Taze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli guralan bu baýramçylyk dabarasy talyplaryň, mugallymlaryň gatnaşmagynda aýratyn bir şatlyk-şowhuna beslendi. Mekdebiň baýramçylyk äheninde bezelen howlysynda ýaňlanan aýdym-sazlar we şowhunly gutlaglar ýygnananlaryň göwünlerini galkyndyrdy. Çäräniň dowamynda çykyş eden mugallymlar ýurdumyzda bilim ulgamyna, aýratyn-da nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge döwlet derejesinde berilýän uly ünsi aýratyn nygtadylar. Täze okuw ýylyna gadam basan talyp ýaşlara ak ýol we okuwlarynda uly üstünlikler arzuw edildi, şeýle hem olaryň geljekde türkmen nebitçileriniň abraýly däplerini mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynam bildirildi.

Mekdebiň talyplary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly, goşguly çykyşlar bolsa dabara aýratyn öwüşgin berip, ýaşlaryň watançylyk duýgularyny we ylym-bilime bolan höwesini has-da artdyrdy. Bu täsirli çäre täze okuw ýylyna belent ruhda gadam basan talyp ýaşlar üçin ýatdan çykmajak pursatlara baý boldy we olary täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Dabaranyň dowamynda şeýle şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz