Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Bilim işgärleri ÝUNISEF-iň Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň pudagara ulgamyny ösdürmek boýunça geçiren okuw maslahatyna gatnaşdylar

05.09.2026

206

Bilim işgärleri ÝUNISEF-iň Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň pudagara ulgamyny ösdürmek boýunça geçiren okuw maslahatyna gatnaşdylar

2026-njy ýylyň 1–5-nji sentýabry aralygynda Türkmenistan döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlygynyň çäginde Sank-Peterburgyň Irki goşulyşma boýunça institutynyň hünärmeni, ÝUNISEF-iň bilermeni Ýuliýa Rusanowanyň Autizmiň dürli görnüşleri bolan çagalar we olaryň maşgalalary üçin inklýuziw hyzmatlaryň pudagara ulgamyny ösdürmek boýunça halkara tejribesi bilen paýlaşmak maksady bilen okuw maslahaty we çagalar baglary bilen tanyşlyk sapary guraldy. Bu okuw maslahatyna Türkmenistanda Autistik spektriniň bozulmalary bar bolan çagalary ýüze çykarmak, anyklamak we toplumlaýyn ýardam etmek boýunça synag taslamasyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň degişli hünärmenleri gatnaşdylar. Bilim ulgamyndan Aşgabat şäheriniň synag çagalar baglarynyň, Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň terbiýeçileridir mugallymlary, lukman-mugallymçylyk işçi toparynyň agzalary, şeýle hem welaýatlaryň inklýuziw bilim taslamasyny amala aşyrýan çagalar baglarynyň pedagogik işgärleri işjeň gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň çäginde nazary bilimleri amalyýet bilen baglanyşdyrmak maksady bilen Aşgabat şäheriniň synag mekdebe çenli çagalar edaralarynyň biri bolan 111-nji çagalar bakja-bagynda dowam edildi. Bu okuwda synag taslamasynyň birinji tapgyrynda geçirilen işleriň netijeleri we pudagara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň ýollary boýunça pikir alşyldy.

Diňleýjiler guralan söhbetleriň özlerinde uly täsirleri galdyrandygyny, çaganyň durmuşynyň ilkinji ýyllarynda autistik spektriniň alamatlaryny ir ýüze çykarmagyň gurallaryny ele almak, maşgala goldaw bermek, köptaraplaýyn çemeleşmek boýunça zerur usuly maslahatlary alandyklaryny aýratyn bellediler.              

Gülbahar Atadurdyýewa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Mekdebe çenli bilim bölüminiň baş hünärmeni

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz