
Täzelikler
228

Türkmenistanyň sport äleminde belent abraýa eýe bolmagy Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ugra aýratyn üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan häzirki wagtda ösen sport ulgamly, dünýä derejesindäki ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemäge ukyply ýurt hökmünde tanalýar.
Ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde ÝagşygeldiKakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde netijeli işleri alnyp barylýar.
2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 2-6-y aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Yssyk-Köl şäherinde her 2 ýyldan geçirilýän Bütindünýä Çarwadarlar oýny geçirildi. Bu abraýly ýaryşa dünýäniň 36 döwletinden türgenler gatnaşdylar. Ýaryşda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hojammaýew Begli üstünlikli çykyş edip, baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy başardy.
Bu üstünlik ýurdymyzda sportuň täze belentliklere çykmagy üçin öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edýär.
Ýagşygeldi Kakaýewadyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersiteti