Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistan Minskde geçirilen «Ylym festiwalynda» ylmy işläp taýýarlamalaryny görkezdi

08.09.2026

72

Türkmenistan Minskde geçirilen «Ylym festiwalynda» ylmy işläp taýýarlamalaryny görkezdi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň biotehnologiýa kafedrasynyň müdiri O.Soltanowa bilen molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyň müdiri D.Porrykow gulluk iş sapary bilen Minsk şäherinde bolup, 5–6-njy sentýabrda geçirilen «Ylym festiwaly — 2026» atly çärä gatnaşdylar. Çäräniň guramaçysy Belarusyň Milli ylymlar akademiýasy boldy.

«Ylym festiwaly» sekizinji gezek geçirilýär we Belarusyň iň iri meşhur ylmy çäreleriniň biri bolup durýar. Ol köp ýyllaryň dowamynda Minskiň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ylmyň iň täze gazananlary bilen tanyşdyrýar hem-de olara ylym we tehnologiýa dünýäsinden täze bilimleri almaga ýardam edýär.

Festiwalyň dowamynda Belarusyň Milli ylymlar akademiýasynyň ähli ylmy-barlag institutlary we merkezleri öz innowasion işläp taýýarlamalaryny görkezdiler. Türkmen uniwersitetiniň wekilleri biotehnologiýa ugry boýunça taýýarlanan taslamalar bilen çykyş etdiler. Olaryň taýýarlan ylmy çözgütleri festiwala gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Türkmen mugallymlary Belarusyň dürli ylmy-barlag institutlarynyň professorlary hem-de ylmy işgärleri bilen genetika we seleksiýa, mikrobiologiýa, azyk hem-de oba hojalyk biotehnologiýasy ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdylar.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz