
Täzelikler
79

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çärelerini geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu günler hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýol hereketiniň düzgünleri we olary berjaý etmek bilen bagly birnäçe çäreler geçirilýär.
Şeýle çäreleriň biri şu gün Türkmenistanyň Içeri Işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň “Olimp” orta sport mekdebinde geçirildi. Bu çäräniň dowamynda mekdebiň okuwçylarynyň arasynda "Ýol hereketiniň howpsuzlygy" boýunça wideo ýazgyly wagyz-nesihat işlerine hem uly üns berildi.
Bu çäräniň geçirilmeginiň asyl maksady bolsa, ýol hereketine gatnaşyjylaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmakdan ybaratdyr. Çagalar baglaryndan başlap, orta, orta-hünär, we ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlaryň arasynda şeýle wagyz-nesihat işleriniň we çäreleriniň geçirilmegi aýratyn bellärliklidir. Elbetde köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek her bir raýatyň esasy borjydyr. Ýurt derejesinde giňden ýaýbaňlandyrylýan şeýle çäreler döwletimizde edilýän adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýanydyr.
“Olimp” orta sport mekdebinde ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek bilen bagly geçirilen çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmak babatda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Aýgözel GUTLYMYRADOWA,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport
baradaky döwlet komitetiniň Olimp orta
sport mekdebiniň taryh mugallymy