
Täzelikler
62

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Filologiýanyň meseleleri» ylmy-usuly elektron žurnalynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan ýörite sany neşir edildi. Žurnalyň bu sanyndaky ylmy makalalarda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň 35 ýylyň içinde ylym, bilim, daşary syýasat, medeniýet, ynsanperwer diplomatiýa hem-de jemgyýetçilik ösüşinde gazanan uly üstünlikleri beýan edilýär.
Žurnalyň ilkinji sahypalarynda Garaşsyzlygyň we hemişelik Bitaraplygyň parahatçylygy berkitmekdäki orny, Watanymyzyň halkara giňişlikdäki belent abraýy şöhlelenip, ýurdumyzyň ajaýyp binagärlik keşbi, sebitde ilkinji «akylly» Arkadag şäheri, BMG hem-de ÝUNESKO bilen ýola goýlan synmaz hyzmatdaşlyk barada giňişleýin beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň hem-de milli mirasymyzyň dünýä derejesinde aýratyn orna eýe bolmagy, ýokary okuw mekdeplerinde açylan ÝUNESKO klublarynyň we kafedralarynyň işjeň hereketiniň ýaşlary terbiýelemekdäki ähmiýeti baradaky maglumatlar bu makalanyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Milli bilim ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak we gender syýasatyny ösdürmek meselelerine hem ýörite sandaky makalalarda aýratyn orun berilýär. Kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bilime we ylma sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýaşlaryň halkara bäsleşiklerde gazanan üstünlikleri hem-de Zenanlar birleşiginiň we Haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlary arkaly zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy durmuşa işjeň gatnaşmagy barada giňişleýin durulyp geçilýär.
Bilim we filologiýa ulgamynyň ösüşine bagyşlanan bölüm bolsa hakyky ylmy döredijiligiň hem-de akyl-paýhas gözlegleriniň belent dabaralanmasyna öwrülipdir. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesillere watançylyk terbiýesini bermekde milli bilim ulgamynyň binýatlyk ornuna, ony döwrebaplaşdyrmaga we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Şol bir wagtyň özünde, dil bilimi babatda syýasy terminologiýanyň leksik-semantik aýratynlyklary, dil öwretmegiň kämil usullary, Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynyň dünýä ylym-bilim giňişligine işjeň goşulyşmagynyň ugurlary baradaky maglumatlar çuňňur ylmy derňewler arkaly beýan edilýär.
Žurnalyň ýörite sany bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň www.datmddi.edu.tm resmi web-saýtynda giňden tanyşyp bilersiňiz.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty