
Täzelikler
200

2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny we atşynaslyk sungatyny dünýä giňişliginde dabaralandyrýan halkara başlangyçlarynyň hem-de nusgalyk işleriniň taryhy ähmiýetine bagyşlanan giňişleýin söhbetdeşlik geçirildi. Onda behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak ugrunda döwlet derejesinde amala aşyrylýan işlere bagyşlanan pikir alyşmalar boldy.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar Akademiýasynyň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata ýurdumyzyň Bilim ministrligine degişli bilim ojaklarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň we “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny belende galdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, Niderlandlar Patyşalygynda Ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi, onuň çäklerinde ýurdumyzyň sergi pawilýonlarynyň guralmagy ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny äşgär etdi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimize neneňsi uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen behişdi bedewlerimiz Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda atçylyk pudagynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjünçiligine aýratyn üns berdiler we şunda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň alyp barýan işine möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar. Bu ýokary okuw mekdebinde Tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we bu ugra degişli beýleki hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça zerur işler amala aşyrylýar.
Şeýle hem Arkadag şäherinde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi pudagyň ösmegine goşant goşmak bilen, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrýar. Munuň özi taryhyň dowamynda türkmen seýisleriniň we atşynaslarynyň yhlasyndan dörän 2 ganatly bedewleriň giňden wagyz edilmeginde ähmiýetlidir. Bu bolsa atçylyk pudagynda alnyp barylýan işleriň ösüşiň täze derejesine çykýandygyny görkezýär.
Şol bir wagtyň özünde ýurdumyza ahalteke bedewleriniň çeper döredijilikde dabaralandyrylmagyna zerur üns berilýär. Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri, heýkeltaraşlar we zergärler ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmäge at esbaplarynyň häzirki zaman görnüşlerini taýýarlamaga hemmetaraplaýyn we ylmy esasda çemeleşýärler. Bu bolsa ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegine giň ýol açýar.
“Tegelek stoluň” başynda geçirilen maslahata gatnaşyjylar atçylyk ulgamy boýunça ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilýändigini nygtadylar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynda dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň atşynaslarynyň atçylyk we atly sport boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän halkara bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryna giň ýol açýar.
Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň, okuw-ylmy merkezleriniň, athanalaryň gurulmagy atşynaslarymyzyň zähmetini döwrebap derejede guramaga ýardam edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen, sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäherinde «Akhan» we «Taýçanak» binalarynyň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň gurulmagy, şäheriň şaýollarynyň biriniň Ahalteke atlary şaýoly diýlip atlandyrylmagy bedewleriň halkymyzyň durmuşynda aýratyn orun eýeleýändigini nobatdaky gezek subut edýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galmagy ugrunda döwlet derejesinde ähmiýet berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny yzygiderli wagyz etmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.