Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Döredijilik duşuşygy geçirildi 

09.09.2026

162

Döredijilik duşuşygy geçirildi 

2026-nji ýylyň sentýabr aýynyň 9-na Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komiteti bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Berkarar, bagtyýar Watan – Garaşsyzlyk toýuny toýlaýar» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyga Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekilleri, Mary welaýatynyň medeniýet we döredijilik işgärleri, şahyrlar, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda medeniýet we döredijilik işgärleriniň 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilip geçiljek Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagly birnäçe çykyşlar we Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny wasp edýän birnäçe aýdymlar, goşgular diňlendi. Soňra bolsa, institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwsjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz