
Täzelikler
79

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly senesi milli ösüşiň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere, döredijilikli zähmete we ylmy-bilim ulgamynda ýetilen belent sepgitlere nazar aýlamaga giň mümkinçilik döredýär. Şu taryhy senäniň şanyna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti tarapyndan taýýarlanan “Inžener-tehniki bilim kämilleşmek ýolunda” atly uly göwrümli ylmy makalalar ýygyndysynyň neşir edilmegi hem ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligi üçin möhüm wakalaryň biridir.
Makalalar ýygyndyda uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, aspirantlarynyň, ylmy derejä dalaşgärleriniň, şeýle hem hyzmatdaş daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň ylmy-barlag we taslama işleriniň netijeleri giňişleýin beýan edilýär. Neşirde öňe sürülýän ylmy garaýyşlar we amaly teklipler nebitgaz, energetika hem-de himiýa senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini kämilleşdirmäge, döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen.
Bu ylmy ýygyndy diňe bir dürli ugurlardaky ylmy gözlegleriň netijelerini jemleýän neşir bolmak bilen çäklenmän, eýsem inžener-tehniki bilimiň häzirki zaman ösüş ugurlaryny, ylmy pikirlenmäniň täze mümkinçiliklerini we bilim bilen önümçiligiň utgaşykly arabaglanyşygyny şöhlelendirýän ähmiýetli çeşme bolmak bilen inžener-tehniki ugurlarda bilim berýän ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryna, alymlaryna, aspirantlaryna, talyplaryna, şeýle hem ylmy-tehniki ösüş bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, onuň mazmunyny döwrüň talaplaryna laýyklykda baýlaşdyrmak we hil taýdan täze derejä çykarmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilime aýratyn ähmiýet bermegi netijesinde ýurdumyzda ylmyň we bilimiň maddy-enjamlaýyn hem-de ylmy-usulyýet binýady barha pugtalandyrylýar. Bu ugurda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýokary okuw mekdepleriniň ylmy mümkinçilikleriniň artmagyna, ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, olaryň döredijilik we ylmy işlerine işjeň gatnaşmagyna oňyn täsir edýär.
Häzirki zaman bilim giňişliginiň möhüm aýratynlyklarynyň biri hem sanly tehnologiýalaryň we innowasion usullaryň okuw işine giňden ornaşdyrylmagydyr.
Bu bolsa ylym-bilim ulgamynyň hilini ýokarlandyrmaga, dolandyryş işlerini ýönekeýleşdirmäge hem-de öwrenmegi has täsirli etmäge giň mümkinçilikler döredýär.
Ýygyndynyň esasy maksady inžener-tehniki bilimiň we ylmy-barlag işleriniň häzirki zaman ugurlaryny giňden beýan etmek, nebitgaz, energetika we himiýa pudaklarynda täze tehnologiýalaryň ylmy esaslaryny öwrenmäge hem-de ylmy bilimleriň ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam bermekden ybaratdyr.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle hyzmatdaşlyk inžener-tehniki bilim ulgamynda halkara tejribäniň öwrenilmegine, ylmy garaýyşlaryň baýlaşmagyna, bilelikdäki barlaglaryň geçirilmegine we ýaş alymlaryň halkara ylmy giňişligine işjeň goşulmagyna giň mümkinçilik döredýär.
Ylmy makalalar ýygyndysynda dürli ugurlar boýunça beýan edilen ylmy işleriň esasy maksady ylmyň jemgyýetiň we önümçiligiň ösüşindäki ornuny has-da berkitmek, ylmy pikir bilen amaly tejribäniň sazlaşygyny üpjün etmek hem-de täzeçil çözgütleriň döredilmegine ýol açmakdyr.
“Inžener-tehniki bilim kämilleşmek ýolunda” atly ylmy makalalar ýygyndysy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ylmy-bilim giňişliginde alnyp barylýan döredijilikli işleriň, ýaş alymlaryň ylmy işleriniň we halkara ylmy hyzmatdaşlygyň netijelerini özünde jemleýän ähmiýetli neşir hökmünde çykyş edýär. Ylmyň dürli ugurlary boýunça taýýarlanan makalalar ösüşlere, türkmen ylmynyň abraýyna goşant goşmaga we ylmy barlaglaryň netijelerini önümçilikde, okatmagyň amaly-usulyýetinde ulanmaga gönükdirilendir.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti