
Täzelikler
48

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 9-njy sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hameli tarapyndan okuw sapagy geçirildi. Onda Birleşen Arap Emirlikleriniň oba hojalygy ulgamynda gazanan üstünlikleri, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Bu barada ýokary okuw jaýynyň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň oba hojalygynda häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak, serişdeleri netijeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça toplan tejribesi barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle çäreleriň bilim we tejribe alyşmak, oba hojalygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.
Okuw sapagynda Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Bioşorly oba hojalygy boýunça halkara merkeziniň (ICBA) arasynda «Ot-iýim önümçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek hem-de durnuksyzlyga sezewar bolan öri meýdanlaryny dikeltmek boýunça netijeli çäreleri amala aşyrmak» taslamasynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada hem aýdyldy.
Okuw sapagyna uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary, Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynyň hem-de ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň öňüsyrasynda myhmanlar uniwersitetde guralan ylmy-taslama işleriniň, oba hojalyk, azyk we dokma önümleriniň sergisi bilen tanyşdylar.
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde oba hojalygy we bilim ulgamlary möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Iki ýurduň arasynda soňky ýyllarda dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.