
Täzelikler
20

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda raýatlaryň, ylaýtada-da ýaşlaryň sagdyn we ruhubelent ýaşaýşy üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň sport we ýaşlar syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy onuň aýdyň mysallarynyň biridir. Halkymyzyň, aýratynda, ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan sagdynlygy baradaky alada häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň belent ruhy bilen 9 — 15-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň açyk kubogyny almak ugrunda sportuň woleýbol görnüşi boýunça erkekleriň arasynda ýaryşlary geçiriler. Woleýbol ýaryşy Türkmenistanda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýär.
Ýaryşa gatnaşýan 12 topar iki toparça bölünip, bellenilen tertipde ýaryşýarlar. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň sport toplumynda geçirilýän bu ýaryş ilkinji günlerinden gyzgalaňly dowam edýär.