
Täzelikler
44

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak ugrunda taryhy işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan yzygiderli sport syýasaty we halkara derejesindäki ýokary aladalary netijesinde türkmen sportunyň şan-şöhraty dünýä meýdançalarynda barha belende galýar.
Muňa nobatdaky aýdyň subutnamalaryň biri hökmünde, mekdebimiziň bedenterbiýe mugallymy Gurbannazar Kakajayew halkara sport äleminde gazanan uly üstünligini görkezmek bolar. Ol 2026-njy ýylyň 14-nji iýunynda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde geçirilen Olimpiýa çempionlary Andreý Abduwaliewiň we Dilşod Nazarowyň baýraklary ugrundaky halkara ýaryşynda ýadro zyňmak görnüşi boýunça bäsleşip, 16.50 metr netije bilen I orny eýeledi we altyn medalyň eýesi boldy.
Mugallymymyzyň bu şanly ýeňşi ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil sportçy bolup ýetişmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň sport baradaky taýsyz aladalarynyň netijesidir. Gurbannazar mugallymyzy mekdebimiziň adyndan bu ajaýyp ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa täze sport üstünlikleri gazanmagy arzuw edýäris!