
Täzelikler
36

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Gahryman Arkadagymyzyň “Sport dostluga saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly eserinden ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň arasynda zyýanly endikler, olaryň adamyň bedenini we işe bolan ukybyna ýetirýän zyýanly täsirleri, şeýle hem bedeni pugtalandyrmaga, saglygy dikeltmäge, adamyň kesellere garşy durmak ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty, sagdyn durmuş ýörelgeleri, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy bilen bagly birnäçe çykyşlar diňlenildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty