Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Dabaraly maslahat geçirildi

10.09.2026

25

Dabaraly maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 10-yna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Ady dünýä dolan – türkmen bedewi” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Niderlandlar Patyşalygynda gurnalan Ahalteke atlarynyň arasyndaky atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşmagy mynasybetli geçirilen çärelere bagyşlandy. Dabaraly maslahata gatnaşyjylar ilki bilen Gahryman Arkadagymyzy Ýewropa ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň «Atçylygy ösdürmäge goşan uly goşandy üçin» atly abraýly baýrak we degişli Kubok bilen sylaglanmagy bilen gutladylar. Maslahatyň dowamynda Niderlandlar Patyşalygynda Ahalteke atlarynyň arasyndaky geçirilen gözellik we atly sport çempionatynyň netijeleri hem-de onuň çäklerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň Niderland dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy, «Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly maslahaty hakynda çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, türkmen bedewlerini wasp edýän birnäçe aýdymdyr tanslara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary alyp barmak, ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlary kemala getirmek ugrunda tutumly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz