
Täzelikler
23

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 10-yna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary” atly syýasy söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Döwlet guşy”, “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Enä tagzym – mukaddeslige tagzym”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”,“Ynsan kalbynyň öçmejek nury”, “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” atly eserlerinden millilik ähmiýeti dogrusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Söhbetdeşlik «Türkmenistan» teleýaýlymy tarapyndan doly ýazgy edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, döretmäge, ýaş nesli ýokary derejeli hünärmenler edip ýetişdirmäge döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty