Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler

11.09.2026

143

Mekdep okuwçylarymyz mental hasaplamak boýunça dünýä çempionatynda ýokary netijeler görkezdiler

2026-njy ýylyň 5—7-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty («The Junior Mental Calculation World Championship 2026») geçirildi. 2008-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän bu abraýly bäsleşige Hytaý, Singapur, Germaniýa, Ýaponiýa, Fransiýa ýaly 14 döwletden 100-den gowrak saýlanan iň ökde mental türgenler gatnaşdy. Gatnaşajylar 2 sagadyň dowamynda diňe ýatdan hasaplamak arkaly matematikanyň çylşyrymly ugurlary, şol sanda kök almak, köpeldijilere dagytmak, droblar we senenama senelerini tapmak boýunça bäsleşdiler.

Ýurdumyz boýunça geçirilen saýlama tapgyryň netijesinde «JMCWC 2026» çempionatyna kabul edilen 12 sany mekdep okuwçymyzyň birnäçesi 2000 baldan ýokary netije görkezdi.

Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki «Kämil Bilim» okuw merkeziniň «Anzan» maksatnamasynyň uçurymy, 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Mekan Nurgeldiýew «Junior-1» derejesinde 2477 bal toplap, dünýä çempionatynda 3-nji orny eýeledi.

Şeýle hem Türkmenistanyň mental arifmetika boýunça ilkinji milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa «Senior» derejesinde iň ýokary bal alan gatnaşyjylaryň ilkinji 8-ligine girmegi başardy.

Germaniýadaky çempionatda ýurdumyzyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» okuw merkeziniň mental arifmetika mugallymy Jahan Durdymämmedowa we matematika mugallymy Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler.

Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu abraýly halkara ýaryşda okuwçylarymyz üstünlikli çykyş edip, ilkinji onluga girmegi başarypdylar.

Çeşmesi:Altyn asyr habarlary

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz