Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Gurluşyk we emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

12.09.2026

218

Gurluşyk we emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

2026-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň iki sany ýokary okuw mekdebinde urluşyk we emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler. Bu barada 11-nji sentýabrda geçirilen hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow habar berdi. "Türkmenistan" gazetiniň habar bermegine görä, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, kämil hünärmenleri ýetişdirmek ugrunda ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň berýän hemaýat-goldawlary esasynda halkara olimpiadalar, forumlar, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar ýokary derejede geçirilip, bu babatda baý tejribe toplanýar.

Milli strategiýalarda, maksatnamalarda kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, 2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny”, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen birlikde, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň, iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Olarda “ýaşyl”, howpsuz, “akylly” şäher konsepsiýasy, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, önümçilik amallaryny awtomatlaşdyrmak we robot tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti “akylly” diwersifikasiýalaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda, durnukly ösüşi üpjün etmekde emeli aň tehnologiýalarynyň innowasion mümkinçilikleri boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça zerur işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Diýarymyzyň agzalan ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Çeşmesi:Türkmenmenmetbugat

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz