Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanda sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär

12.09.2026

180

Türkmenistanda sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 11-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Mämmedow şu ýylyň oktýabr aýynda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti.

Bellenilişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara olimpiadalaryň, forumlaryň, sergileriň we ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi bilim ulgamynda tejribäni baýlaşdyrmaga ýardam berýär.

2026-njy ýylyň oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion tehnologiýalaryň orny”, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bolsa “Milli emeli aň tehnologiýalary: sanly ykdysadyýet, «akylly» diwersifikasiýa, durnukly ösüş” atly halkara ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Sanly ulgam arkaly guraljak bu maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň we iri halkara guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Çäreleriň dowamynda “ýaşyl”, howpsuz we “akylly” şäherleriň ösdürilmegi, innowasion gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, önümçilik prosesleriniň awtomatlaşdyrylmagy, robot tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak we emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerini ulanmak ýaly möhüm ugurlar boýunça dünýä tejribesini öwrenmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda, ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary geçirmek boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz