Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Mugallymlaryň Garaşsyzlyk waspyny beýan eden eserleri ýeňiş gazandy

14.09.2026

91

Mugallymlaryň Garaşsyzlyk waspyny beýan eden eserleri ýeňiş gazandy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji dabarasy geçirildi. Bu barada «Mugallymlar gazeti» habar berdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de «Mugallymlar gazeti» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan bilim işgärleriniň we mugallymlaryň arasynda yglan edilen bäsleşik ýurdumyzyň ösüşlerini, Garaşsyzlygyň gazananlaryny we milli gymmatlyklary wasp edýän döredijilik eserlerini ýüze çykarmaga gönükdirildi.

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen dabarada bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrakly orunlara mynasyp bolan gatnaşyjylara hormat-sarpa görkezildi. Olar öz makalalary, goşgulary we hekaýalary bilen ýurdumyzyň taryhy üstünliklerini, bilim ulgamyndaky ösüşleri hem-de ýaş nesli terbiýelemegiň ähmiýetini beýan etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy Ogulniýaz Annataganowa bäsleşikde ýeňiji bolmagynyň özi üçin uly buýsançdygyny belläp geçdi.

— Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan bu döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolmak meni mundan beýläk-de yhlasly işlemäge, ýaşlara döwrebap bilim bermäge ruhlandyrýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň durmuşynda, medeniýetinde, ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanyldy. Biz hem eziz Diýarymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymyzy goşmaga çalşarys — diýip, ol aýtdy.

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy Annageldi Bekiýew döredijilik eserleriniň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

— Biz, mugallymlar, ýaş nesle milli ruhda terbiýe bermek, olara döwrebap bilim öwretmek işini mukaddes borç hasaplaýarys. Ata Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy we halkymyzy wasp edýän goşgularym bilen bu bäsleşikde ýeňiji bolmagym meniň üçin uly buýsanç. Bu sylag meni geljekde hem döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar — diýip, Annageldi Bekiýew belledi.

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Läle Hojagurbanowa bolsa döredijilik işiniň döwrüň ruhuny, halkyň buýsanjyny we ýurdumyzyň ösüşlerini beýan etmegiň täsirli serişdesidigini aýtdy.

— «Mukaddes Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» atly bäsleşik bilim işgärlerini täze döredijilik eserlerini döretmäge höweslendirdi. Häzirki döwürde döredilen mümkinçiliklerden ruhlanyp, bilim işgärleri öz ýürek buýsançlaryny eserleriniň üsti bilen beýan edýärler — diýip, ol aýtdy.

Bäsleşigiň netijesinde öňdebaryjy bilim işgärleriniň döredijilik başarnyklary ýüze çykaryldy. Şeýle çäreler mugallymlaryň hünär we döredijilik işjeňligini höweslendirmek, milli gymmatlyklary wagyz etmek hem-de bilim ulgamynyň wekilleriniň döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz