
Täzelikler
96

2026-njy ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyzlyk – ähli üstünliklerimiziň özeni” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Mary welaýat birleşmesiniň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabaraly maslahatyň dowamynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bellenilip geçiljek Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen bagly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, ösüşler, üstünlikler barada birnäçe çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty