Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

15.09.2026

91

Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň we “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda ylym-bilim ulgamynda birnäçe ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk dowam edýär. Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we gerimini giňeltmek maksady bilen ýakynda hyzmatdaş kompaniýanyň we iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda täze Ähtnama baglaşylyp özara hyzmatdaşlygy ýene 5 ýyl möhlete uzaldyldy.

Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetinde biziň uniwersitetimiziň talyplary we ýaş mugallymlary her ýyl tomusky okuw-önümçilik tejribeliklerini geçip öz hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professor-mugallymlary uniwersitetimiziň talyplary we ýaş mugallymlary üçin dürli temalar boýunça umumy okuw sapaklaryny gurnaýarlar. Sentýabr aýynyň 14-17 aralygynda Tehnologiýa uniwersitetiniň professory sanly ulgam arkaly Nebit we gaz fakultetiniň talyplary we ýaş mugallymlary üçin “Deňiz desgalarynyň giňişleýin seljermesi we taslamalaşdyrylmagy” atly tema boýunça onlaýn okuw sapagyny geçirilýär. Sapakda häzirki döwürde ulanylýan innowasion tehnologiýalar we täze usullar barada gyzykly maglumatlar berilýär. Sapaklara gatnaşýanlara Malaýziýanyň “PETRONAS” kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň ýörite sertifikatlary gowşurylar. Hyzmatdaşlyk hakynda baglaşylan Ähtnamanyň çäklerinde 2026-2027-nji okuw ýylyň dowamynda Tehnologiýa uniwersitetiniň birnäçe professorlarynyň sanly ulgam arkaly şeýle hem uniwersitetimize gelip okuw sapaklaryny geçirmekleri meýilleşdirilen. Sapaklar nebitgaz pudagyna, emeli aňy ornaşdyrmak, himiýa we gaýtadan işlemek temalaryna degişli bolup, bu ugurda ulanylýan häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary we olary ornaşdyrmagyň usullary barada talyplara we ýaş mugallymlara sapak berilýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz