Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

YLMY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

17.09.2026

201

YLMY HYZMATDAŞLYK ÖSDÜRILÝÄR

Türkmenistanyñ Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniñ mugallymlary, ýagny Biotehnologiýa kafedrasynyñ müdiri Ogulgurban Soltanowa we Molekulýar biologiýa we genetika kafedrasynyñ müdiri Döwletmyrat Porrykow Belarussiýa iş saparynyň dowamynda ýurduň Milli Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynda boldular. Olar Belarussiýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň “Genetika we sitologiýa” institutyna, “Mikrobiologiýa” institutyna hem-de “Et-süýt önümçiligi” institutyna baryp, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar.

Genetika we sitologiýa instituty tarapyndan alnyp barylýan ylmy işler we hödürlenýän hyzmatlar bilen tanyşdylar. Instutyň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Pawel Mihaýlowiç Morozik we ylmy işgärleri DNK bankynda nusgalaryň saklanşy, barlaghanalarda organizmleriň genomyny öwrenmek boýunça ýerine ýetirilýän işler bilen tanyşdyrdylar. Mikrobiologiýa institutynda mikroorganizmleriň esasynda öndürilýän iýmit önümleri, oba hojalyk biopreparatlary, suwy we gaty galyndylary arassalamak boýunça işler, patogen bolmadyk mikroorganizmleriň banky bilen tanyş boldular. Institutyň direktory Aleksandr Anatolýewiç Şepşelew bilen mikrobiologiýa ugrundan geljekki hyzmatdaşlyklar barada maslahatlaşyldy. Şeýle-de Ylymlar akademiýasynyň Merkezi botanika bagynda bolup, ol ýerde bezeg we dermanlyk ösümlikleriniň “in vitro” şertlerinde ösdürip ýetişdirilişi, ösümlikleriň biohimiki taýdan öwrenilişi boýunça alnyp barylýan ylmy işleri tanyşdylar.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz