Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary maslahatlaşyldy

17.09.2026

291

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Koreýa Respublikasynyň Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Global Innovation Studies instituty) ýerine ýetiriji direktory Kim Kýo Şigiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hünär-tehniki bilim ulgamynda koreý tejribesine öwrenmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasy bilen hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek babatda hem möhüm ädim ädildi. Hususan-da, saparyň çäklerinde «Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen Ählumumy innowasiýa okuwlary guramasynyň (Koreýa Respublikasy) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi. Bu resminama taraplaryň bilim, ylmy gözlegler we innowasiýa işjeňligi boýunça özara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, tejribe alyşmagy giňeltmäge hem-de geljekde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Duşuşykda emeli aň we sanly tehnologiýalar boýunça hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem zähmet bazarynyň geljekki zerurlyklaryny öwrenmek, täze hünärleri kesgitlemek, ýaşlaryň ýokary tehnologiýaly pudaklarda işlemek üçin zerur başarnyklaryny ösdürmek boýunça bilermenler duşuşyklaryny we tegelek stollary geçirmek meselesi öňe sürüldi.

Taraplar ýaşlaryň we alymlaryň akademiki hereketliligini giňeltmegiň, şeýle hem magistrantlar, doktorantlar we ýaş alymlar üçin bilelikdäki grant we tejribe maksatnamalaryny döretmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda bilim, ylym we innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, özara tejribe alyşmagy giňeltmäge we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Şeýle hem okap bilersiňiz

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz