
Täzelikler
2

Türkmenistan sazlaşykly ösüş ýoluna düşen, okgunly ösýän ykdysadyýetli ýurtdur. Şoňa görä, netijeli işlemek üçin amatly şertleri bilen tapawutlanýan türkmen bazary hemişe-de daşary ýurtly hyzmatdaşlarda aýratyn gyzyklanma döredip gelýär. Ýöne häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ykdysady kuwwatynyň diňe bir tebigy baýlyklar bilen däl, eýsem, ýetişdirip bilýän kämil nesilleri bilen hem kesgitlenilýändigini toplanan tejribeler subut edýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň 14 — 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň, beýleki ugurlar bilen birlikde, ylym-bilim ulgamyna degişli möhüm ylalaşyklara-da baý bolmagyny döwrüň öňe çykarýan zerurlyklary bilen baglanyşdyrmak mümkin. Saparyň çäginde döwlet Baştutanymyza Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň berilmegi bolsa ähli halkymyzda, şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim we akademiki jemgyýetçiliginde çäksiz buýsanç duýgusyny döretdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa saparynyň netijeleri, onuň dowamynda gazanylan bilim ugurly ylalaşyklaryň ähmiýeti barada döwletli sapara sapardaş bolan ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň ýolbaşçylary, ine, şeýle diýýärler:
Maral KULIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory:
— Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda daşary syýasatda durmuşa geçirilýän işler döwletimiziň halkara giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmaga, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kemala getirmäge gönükdirilendir. Parahatçylygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy we ynanyşmagy dabaralandyrýan daşary syýasy ugrumyz ylym-bilim, medeniýet, innowasiýalar, häzirki zaman tehnologiýalary babatda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin hem giň mümkinçilikleri açýar. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu sapar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda bilelikdäki hereketleriň derwaýys ugurlary barada pikir alyşmalar boldy. Gepleşikleriň netijesinde dürli ugurlarda ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň has-da pugtalandyrylmagyna itergi berdi.
Saparyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly üns berilmegi döwrüň talaby bilen sazlaşýar. Sebäbi häzirki zaman dünýäsi ösüşiň depginini ylmyň, bilimiň we innowasiýalaryň mümkinçilikleri bilen kesgitleýär. Şunda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, okuw işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugurlary hökmünde öňe çykýar. Bu işleriň rowaçlanmagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem mynasyp orny bar.
Hormatly Prezidentimiziň saparynyň çäklerinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy bilim ojaklarynyň ikisiniň arasynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowamly häsiýete eýedigini görkezýär. Şol resminamalaryň biri Kýung Hi uniwersiteti, beýlekisi Inçhon milli uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalardyr. 1949-njy ýylda esaslandyrylan Kýung Hi uniwersiteti Koreýada çagalar bagyndan başlap, aspirantura çenli ählitaraplaýyn bilim bermegi hödürleýän Kýung Hi uniwersitetler ulgamynyň bir bölegidir. Ol daşary ýurtlaryň ençemesiniň abraýly bilim ojaklary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şoňa görä, talyplara daşary ýurtda okamak maksatnamasyny hem hödürleýär. Ýokary okuw mekdebiniň okuw binalary Seul we Suwon şäherlerinde ýerleşýär. Kýung Hi uniwersiteti Koreýanyň hususy barlag ugurly öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girýär. Inçhon milli uniwersitetinde 13 müňden gowrak talyp bilim alyp, şolaryň arasynda dünýäniň çar künjeginden gelen ýaşlar bar. Bu ýerde hereket edýän halkara gatnaşyklar bölümi we koreý dilini öwretmek boýunça maksatnama talyplary alyşmak işini ilerletmäge, daşary ýurtly talyplara koreý dilini içgin öwretmäge ýardam berýär. Bilim ojagymyz bilen baglaşylan täze ylalaşyklar bolsa bilim hyzmatdaşlygynyň täze ugurlaryny açýan wajyp ädim bolup, göni gatnaşyklary ösdürmäge, ylmy we akademiki hyzmatdaşlygy giňeltmäge, tejribe alyşmaga, okuw işine döwrebap bilim usullaryny ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.
Ynsanperwer ylymlaryň häzirki zaman ösüş meýilleri halkara hukugy, dünýä ykdysadyýeti, innowasion menejment ýaly ugurlarda bilelikdäki ylmy-barlag işleriniň alnyp barylmagyny, täze okuw-usuly gollanmalaryň taýýarlanylmagyny talap edýär. Şoňa görä, iki ýurduň abraýly bilim ojaklarynyň arasynda ylmy maglumatlaryň we çeşmeleriň alyş-çalşygynyň ýola goýulmagy zerurdyr. Munuň özi professor-mugallymlaryň hünär hem-de ylmy derejesini ýokarlandyrmaga, ýaş alymlaryň ylmy gözleglere has işjeň gatnaşmagyna, öňdebaryjy tejribeleriň öwrenilmegine ýol açar.
Gurbanmyrat MEZILOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory:
— «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň daşary syýasaty hem barha rowaçlanyp, dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygy täze derejelere çykýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 14 — 16-njy sentýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary-da munuň bir mysalydyr. Sapar baý mazmuny bilen tapawutlandy. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimize Songýungwan uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi, ähli halkymyz bilen birlikde, ylym-bilim ulgamynyň wekillerini hem has-da buýsandyrdy. Munuň özi Koreýada döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň döwlet ösüşini, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, dünýä giňişliginde Watanymyzyň abraýyny artdyrmak babatda bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Ýeri gelende, 2015-nji ýylyň aprelinde Gahryman Arkadagymyza Songýungwan uniwersitetiniň hormatly doktory derejesiniň berlendigini-de bellemek zerurdyr.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Hökümetleriniň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmekde oňyn netijeler gazanyldy. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hem dostlukly ýurduň bilim ojaklary, iri kompaniýalary bilen işjeň gatnaşyklary alyp barýar. 2019-njy ýylda uniwersitetimiz bilen Inha, Songýungwan uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekilmegini, ýurdumyzda geçirilen sergilere, halkara ylmy-amaly maslahatlara hyzmatdaşlyk edilýän düzümleriň wekilleriniň çagyrylmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet saparynyň çäginde bolsa bilim ojagymyz bilen Koreýa tehnologiýa we bilim uniwersitetiniň (KOREATECH) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň bu öňdebaryjy ýurdunyň degişli edaralary bilen netijeli özara hereketleriň esasynda sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, olary yzygiderli kämilleşdirmek arkaly ilat üçin has amatly şertleri döretmek, şäheriň ilatynyň iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, emeli aň, binagärlik, innowasion inženerçilik ýaly ugurlarda ylmy-taslama işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitinde eden çykyşynda: «Bilim ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag, taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris» diýip nygtamak bilen, ýaşlar hakyndaky tagallalara ýene bir ýola ünsi çekdi. Döwlet tarapyndan ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler mugallymlary hem-de talyplary täze ylmy gözleglere, döredijilikli zähmete ruhlandyrýar.
Maksat ÇARYÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory:
— Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan ösen ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu jähetden, häzirki wagtda bu dostlukly ýurt bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Seula amala aşyran döwlet sapary we onuň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitine gatnaşmagy türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açdy.
Ylym-bilim ulgamy hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda 2008-nji ýyldan bäri talyplara koreý dili hünär dili hökmünde öwredilýär. Aşgabatda 2019-njy ýylyň sentýabryndan bäri hereket edýän Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi türkmen we koreý halklarynyň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, özara düşünişmäge, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar.
2025-nji ýylyň iýunynda institutymyz bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi göni gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Ähtnamanyň çäklerinde ýokary okuw mekdebimiziň koreý dili hünärinde okaýan talyplar Kangwon uniwersitetine gyşky we tomusky okuw tejribeligini geçmäge iberildi, olar bir okuw ýyly möhlet bilen geçirilýän koreý dili ugry boýunça okuw maksatnamasyna gatnaşdylar. Öz gezeginde, dostlukly ýurduň bu öňdebaryjy bilim ojagynyň talyplary hem Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tomusky tejribelik okuwyny geçdiler. Şeýle-de institutymyzyň koreý dili mugallymlary ýokary bilim hyzmatdaşlygy boýunça okuw maksatnamalaryna gatnaşdylar. Şeýle çäreler akademiki gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň saparynyň çäginde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary koreý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdiler. Hususan-da, Kanwon milli uniwersitetiniň rektory bilen bolan duşuşykda iki ýokary okuw mekdebiniň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Saparyň dowamynda gol çekilen wajyp resminamalaryň hatarynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Kanwon milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň hem bolmagy bilelikdäki hereketleriň netijeli häsiýetinden habar berýär.
Gülşat ÝUSUPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory:
— Häzirki zaman dünýä syýasaty diňe bir döwletara gatnaşyklaryň nusgawy usullaryny däl, eýsem, ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlarynyň utgaşmasyny, çeýe diplomatik çemeleşmeleri-de talap edýär. Şoňa görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty hem ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere götermäge ukyply, giň gözýetimli diplomatlary taýýarlamak boýunça özüne ynanylan möhüm wezipäni yzygiderli amala aşyrýar.
Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri ýaly, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi hem Koreýanyň bilim ojaklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 2019-njy ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Koreý milli diplomatik akademiýasy bilen hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bu ugurdaky bilelikdäki işleriň hukuk binýadyny emele getirdi. Şol resminama laýyklykda, dürli ýyllarda türkmen diplomatlarydyr mugallymlarymyz bu dostlukly ýurtda guralan gysga möhletleýin okuwlara gatnaşdylar, bilim ojagymyzyň talyplary meýletinçileri taýýarlamagyň halkara tejribesini öwrenmek üçin Koreýada saparda boldular. Ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyza gelýän koreý wekiliýetleriniň agzalary bilen yzygiderli gepleşikler geçirilýär. Şu ýylyň fewralynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň degişli maksatnamasynyň çäginde ýokary okuw mekdebimize tehniki enjamlary we esbaplary gowşurmak boýunça duşuşygyň guralandygyny-da aýtmak gerek.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Säher tämizliginiň ülkesi» diýlip atlandyrylýan Koreýa amala aşyran ilkinji döwlet saparyna sapardaş bolmak bize-de nesip etdi. Saparyň maksatnamasynyň çäginde guralan ýokary derejeli duşuşyklardyr beýleki çäreler iki tarapyň hem özara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga taýýardygyny subut etdi. Gol çekilen möhüm resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi bilen Seul milli uniwersitetiniň Aziýa merkeziniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk-da bar. Bu resminamalaryň ählisi ylmy we akademiki hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, bilim ulgamyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmaga, mugallymlardyr talyplary alyşmak işini işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Aslynda, bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk diňe bir şu günüň däl, eýsem, geljegiň hem derwaýys wezipelerini çözmegi göz öňünde tutýar. Çünki bilimli, başarnykly, täzeçil pikirlenýän ýaşlar ösüşiň esasy hereketlendiriji güýjüdir.
Pursatdan peýdalanyp, bilim ulgamynda gazanylýan ähli üstünlikleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyza, ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirip, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».