Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmen wekiliýeti Tokio şäherindäki sebit seminarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär

18.09.2026

16

Türkmen wekiliýeti Tokio şäherindäki sebit seminarynda öňdebaryjy tejribäni öwrenýär

Tokio şäherinde 16-njy sentýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) sebit maslahaty öz işine başlady. Ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, sanly durnuklylygy ýokarlandyrmak hem-de Merkezi Aziýada zorlukly ekstremizmiň öňüni almak maksady bilen strategik aragatnaşyklary ösdürmek meselesine bagyşlanan bu çärä Türkmenistan hem işjeň gatnaşýar.

Ýurdumyza wekilçilik edýän toparyň düzümine bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, raýat jemgyýetiniň wekilleri hem-de Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň (RYNCA) agzalary girýär. Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldawy bilen geçirilýän seminara Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň wekilleri, halkara bilermenler, döwlet edaralarynyň we öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşýar.

Duşuşygyň ilkinji gününde sanly giňişlikde çagalaryň we ýaşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Ýaponiýanyň tejribesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar ene-atalar tarapyndan gözegçilik, ýaş aýratynlyklary boýunça tassyklama mehanizmleri, kiber howplara garşy göreşmegiň usullary, şeýle hem döwlet edaralarynyň halkara internet we oýun platformalary bilen hyzmatdaşlygynyň ugurlary barada pikir alyşdylar.

Seminarda dünýä belli tehnologiýa kompaniýalarynyň wekilleri hem öz tejribelerini paýlaşdylar. Hususan-da, Nintendo, Roblox kompaniýalarynyň wekilleri hem-de sanly howpsuzlyk boýunça halkara bilermenler häzirki zaman çözgütleri bilen çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda ýaşlaryň sanly giňişlikdäki orny aýratyn nygtaldy. Gatnaşyjylar ýaşlaryň diňe bir öňüni alyş maglumatlaryny kabul edijiler bolman, eýsem sanly çözgütleriň, jemgyýetçilik başlangyçlarynyň we oňyn mazmunlaryň döredilmegine işjeň gatnaşýan taraplar bolmalydygyny bellediler.

Türkmen wekiliýeti geçirilen pikir alyşmalarda sanly durnuklylyk düşünjesine has giňişleýin çemeleşmegiň möhümdigini öňe sürdi. Türkmen tarapy bu düşünjäniň diňe zyýanly mazmundan goragy däl, eýsem ýaşlaryň sanly serişdeleri peýdalanmak medeniýetini ýokarlandyrmagy, tankydy pikirlenme ukybyny ösdürmegi, bilim almaga höweslendirmegi we sanly giňişligi şahsy hem-de hünär taýdan ösüş üçin netijeli ulanmaga şert döretmegi öz içine almalydygyny belledi.

Türkmenistanyň wekilleri öňüni alyş işleriniň iki esasy ugry özünde jemlemelidigini nygtadylar. Olar howpsuz sanly gurşawy döretmek we ýaşlaryň gyzyklanmalaryny bilim, döredijilik hem-de taslama işlerine gönükdirmekden ybaratdyr. Şeýle çemeleşme ýaşlary diňe bir daşarky howplardan goramak bilen çäklenmän, eýsem olaryň töwekgelçilikleri özbaşdak tanamak ukybyny hem güýçlendirýär.

Ýaşlar mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň Sebit Ýaşlar torunyň Türkmenistandan wekili Şükürgeldi Myradow «Ýaşlaryň durnukly başlangyçlary merkezini» döretmek baradaky teklibini hödürledi. Bu başlangyç ýaşlaryň döwlet edaralary, raýat jemgyýeti we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde sanly mazmunlary, jemgyýetçilik ähmiýetli taslamalary işläp taýýarlap biljek hemişelik meýdançasyny döretmegi göz öňünde tutýar.

Teklip edilýän merkeziň çäklerinde ýaşlar häzirki zaman tehnologiýalary, strategik aragatnaşyklar, media sowatlylygy boýunça bilimlerini artdyrar, şeýle hem zähmet bazarynda zerur bolan amaly başarnyklary ösdürmäge mümkinçilik alarlar.

Seminaryň ilkinji güni ýaşlaryň, döwlet edaralarynyň we hususy tehnologiýa pudagynyň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly gyzyklanma bardygyny görkezdi. Duşuşygyň işi 17–18-nji sentýabrda dowam eder. Maksatnamanyň çäklerinde CAPVE toruny ösdürmek, strategik aragatnaşyklar, ýaşlaryň gatnaşygyny giňeltmek hem-de Ýaponiýanyň öňüni alyş we jemgyýete gaýtadan goşmak boýunça tejribesini öwrenmek maksatly amaly maslahatlar geçiriler.

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz