
Täzelikler
38

2026-njy ýylyň 8-nji sentýabrynda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde resmi saparda boldy. Bu resmi duşuşyga uniwersitetiň rektory H.Kadyrow, prorektorlar, degişli bölüm müdirler we kafedranyň mugallymlary gatnaşdylar.
Bu iş saparynyň maksady özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemekden we bu ugurda alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Duşuşygyň başynda uniwersitetiň rektory H.Kadyrow myhmanlara uniwersitetiň gysga wagtyň dowamynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri, halkara reýtinglere goşulandygy, ylym bilen aýakdaş gitmek hem-de döwrüň talabyny ödemek maksady bilen «Emeli aň we ekspert ulgamlary» hem-de «Mehatronika we robot tehnikasy» ýaly täze hünärleriň açylandygy barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de rektor 2026–2027-nji okuw ýylynda uniwersitetiň giriş synaglarynyň bilim ulgamynda ilkinjileriň hatarynda test görnüşinde ýokary derejede geçirilendigini uly buýsanç bilen belläp, bu babatda ýokary netijeleriň gazanylandygyny aýtdy.
Jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin uniwersitetiň ýolbaşçylaryna wagtlaryny sarp edip kabul edendikleri üçin hoşallygyny aýdyp, wekiliýetiň agzalary bilen tanyşdyrdy hem-de Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň geriminiň has-da giňeýändigini aýratyn nygtady. Soňra jenap Ilçi Malaýziýanyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak babatynda gyzyklanmalarynyň uludygyny mälim etdi. Hususan-da, Malaýziýanyň hususy ýokary okuw mekdebi CRUX institutynyň wekilleriniň Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasyna ýüzlenendiklerini hem-de Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen ikitaraplaýyn halkara bilim hyzmatdaşlygyny ýola goýmak maksady bilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň taslamasyny hödürländiklerini aýdyp, taslamany uniwersitetiň ýolbaşçysyna gowşurdy.
Bulardan başgada, Malaýziýanyň 8 sany ýokary okuw mekdebiniň, şol sanda German-Malaý institutynyň, Sultan Zaýnal Abiddin uniwersitetiniň, Malaýziýanyň Politehniki uniwersitetiniň, Malaýziýanyň Tehnologiýalar uniwersitetiniň we Malaýziýanyň Dolandyryş we ylym uniwersitetiniň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri, hususan-da Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen şu aşakdaky ugurlar boýunça:
. telekeçiligi, işewürligi we senagat pudagyny ösdürmek, ikitaraplaýyn ylym-bilim baglanyşyklaryny pugtalandyrmak;
. bilelikde okuw maksatnamalaryny taýýarlamak, mugallymlaryň we talyplaryň özara alyş-çalşygyny ýola goýmak;
. türkmen ýaşlaryny magistratura, aspirantura we doktorantura okuwlaryna ibermek, şeýle hem bilelikde ylmy barlaglary, maslahatlary we taslama bäsleşiklerini geçirmek;
. hil menejmenti, hünär sertifikatlaşdyrylyşy, liderlik we hünär kämilleşdiriş okuwlary babatynda tejribe alyşmak ýaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardyklaryny beýan etdi.
Soňra jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin uniwersitetiň ýolbaşçylaryny Malaýziýa çagyrdy we saparyň çäklerinde bu meseleleri Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen jikme-jik maslahatlaşmagy hem-de hyzmatdaşlygyň ýol kartasyny düzmegi teklip etdi. Jenap Ilçi Malaýziýanyň bu meselelerde tejribesiniň örän uludygyny nygtap, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygyň Malaýziýa bilen Türkmenistanyň bilim we senagat babatyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň öňdebaryjy hem-de görnükli nusgasyna öwrüljekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şeýle hem jenap Ilçi Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine ýardam etmek, Türkmenistanyň we Malaýziýanyň CRUX instituty we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň toruny döretmek arkaly Türkmenistanyň senagat we ykdysady ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýandygyny belledi.
Rektor H.Kadyrow bu habaryň örän buýsandyryjy we ähmiýetlidigini belläp, uniwersitet hyzmatdaşlygyň ähli görnüşlerine taýýardygyny belledi we bu babatda jenap Ilçiden Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen resmi haty ugratmagy haýyş etdi. Soňra rektor uniwersitetiň Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli geçiriljek sergä Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti öz pawilýony bilen gatnaşjakdygyny belledi. Şeýle hem, uniwersitet tarapyndan 2027-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 19 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmegi meýilleşdirilendigini aýdyp, bu maslahata Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň onlaýn görnüşinde ýa-da Türkmenistana gelip gatnaşmaklaryny üpjün etmekde ýardam bermegini jenap Ilçiden haýyş etdi.
Uniwersitetiň rektory täze okuw ýylynda Dil öwreniş bölümini ýokary netijeler bilen tamamlap, 1-nji ýyl talyplaryň hünär ugurlaryna degişli dersleri okap başlandyklaryny belläp, uniwersitetiň tejribehanalarynyň işe girizilendigini we bu tejribehanalarda ylmy işleri amala aşyrmak üçin Malaýziýanyň tejribeli professorlarynyň hem-de ylmy işgärleriniň zerurdygyny aýtdy.
Jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddin Malaýziýanyň hususy ýokary okuw mekdepleriniň, hususan-da CRUX institutynyň esaslandyryjysynyň ökde we tejribeli professordygyny belläp, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde telekeçiligi, işewürligi we tehnologiýalar transferi babatynda öz tejribesini paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Hanym Ýazmalina Binti Ýaakob hem öz gezeginde, 2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabrynda geçiriljek «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe» atly halkara sergisine Malaýziýanyň 6-7 sany ýokary okuw mekdebiniň gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy we özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti bilen tanyşmak babatynda amatly mümkinçilik bolar diýip belledi.
Duşuşygyň ahyrynda uniwersitetiň rektory H.Kadyrow myhmanlara wagt tapyp uniwersitete gelendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da » atly kitabyny hem-de türkmen milli el halysyny sowgat hökmünde dabaraly ýagdaýda gowşurdy.