Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi

19.09.2026

32

Ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde taýýarlan «Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi» atly ylmy makalalar ýygyndysy çap edildi.

Ýygyndy bu iki ýokary okuw mekdebiň professor-mugallymlarynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli ugurlaryna degişli bolan ylmy makalalaryny öz içine alýar. Olarda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan üstünlikler, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler hem-de ösüşiň geljekki ileri tutulýan ugurlary ylmy taýdan seljerilýär. Awtorlar nazary garaýyşlaryny milli ykdysadyýetimiziň häzirki ösüş tejribesi we halkara tejribesi bilen utgaşdyrýarlar.

Ýygyndynyň neşir edilmeginiň baş maksady ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçen ösüş ýoluny ylmy nukdaýnazardan şöhlelendirmekden, gazanylan oňyn netijeleri ýaýbaňlandyrmakdan we ykdysadyýetiň mundan beýläk-de durnukly ösdürilmegine gönükdirilen çemeleşmeleri öňe sürmekden ybaratdyr. Neşir mazmun taýdan köptaraplydyr.

Ýygyndydaky ylmy makalalarda milli zähmet bazary, gymmatly kagyzlar bazary, maýa goýum syýasaty, bank hyzmatlary, döwlet býujeti, salgyt ulgamy, ätiýaçlandyryş, maliýe hasabatlylygy, telekeçilik, daşary söwda dolanyşygy, senagat, ulag ulgamy we azyk howpsuzlygy bilen bagly meseleler giňişleýin beýan edilýär. Şeýle hem olarda kärhanalaryň maliýe serişdelerini netijeli dolandyrmak, müşderileriň karza ukyplylygyna baha bermek, döwlet emläklerini hususylaşdyrmak, önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny optimallaşdyrmak hem-de ykdysady howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine hem aýratyn üns berilýär.

Ýygyndynyň möhüm ugurlarynyň biri-de sanlylaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýet, emeli aň, sanly ekiz tehnologiýalary, maglumatlary gaýtadan işlemek, elektron täjirçiligi, häzirki zaman programmirleme dilleri we ykdysady ösüşi seljermegiň matematiki usullary barada taýýarlanan ylmy makalalar neşiriň döwrebap mazmunyny baýlaşdyrýar. Innowasiýalaryň we ýokary tehnologiýalaryň ykdysady ösüşi ýokarlandyrmakdaky möhüm orny ylmy makalalarda giňişleýin açylyp görkezilýär, olaryň önümçiligiň netijeliligine hem-de bäsdeşlige ukyplylygyna ýetirýän täsiri ylmy taýdan esaslandyrylýar.

Neşirdäki ylmy makalalarda durnukly ösüş, ýaşyl we galyndysyz ykdysadyýet, bioykdysadyýet, ekologiýa taslamalary, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, bilimleriň ykdysadyýeti hem-de ýaşlar telekeçiligi baradaky ylmy garaýyşlara hem giň orun berilýär.

Bu neşir professor-mugallymlar, ylmy işgärler, aspirantlar, alymlyk derejesine dalaşgärler, magistrantlar, talyplar we ykdysadyýet bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi üçin ykdysady ugurly gymmatly maglumat çeşmesi bolup biler.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

Türkmen döwlet maliýe instituty

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz