
Täzelikler
14

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 18-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Batyr Mämmedowyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň taýýarlyk işleri baradaky hasabatyny diňledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.
Wise-premýer döwlet Baştutanyna hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilýän çäreleriň guramaçylyk meseleleri barada habar berdi. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenip taýýarlanylan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde birnäçe möhüm desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.
Şolaryň hatarynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynyň täze goşmaça binalar toplumynyň, Aşgabat şäherindäki Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara pediatriýa merkeziniň hem-de Stomatologiýa merkeziniň dabaraly açylyşy bar.
Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyndaky gazanylan üstünlikleri görkezmek maksady bilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmek, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany halkara sergä we ylmy maslahata ýokary derejede taýýarlyk görmegi, şeýle hem täze saglygy goraýyş edaralarynyň açylyş dabaralaryny guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.