Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Baş sahypa
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik

tk
tk
ru
ru
en
en
Ulgama gir
tk
ru
en

Täzelikler

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti

Ösüşleriň we innowasiýalaryň belent sepgitleri

19.09.2026

18

Ösüşleriň we innowasiýalaryň belent sepgitleri

2026-njy ýylyň 17-19-njy sentýabr aralygynda Türkmenistanyň söwda senagaty edarasynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň giň göwrümli sergisi öz işine başlady. Bu sergä Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti hem özüniň döwrebap sergi diwarlygy bilen işjeň gatnaşýar. Uniwersitetiň diwarlygynda professor-mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň ylymda gazanan uly üstünlikleri ylmy jemgyýetçilige hödürlenildi. Sergä gelen ýerli we daşary ýurtly myhmanlar ýerine ýetirilen ylmy-barlag işler hem-de innowasion taslamalar bilen ýakyn tanyşýarlar. Şeýle hem diwarlykda uniwersitetiň halkara ülňülerine laýyk gelýän barlaghanalarynyň giň mümkinçilikleri hem-de maddy-tehniki binýady bilen tanyşdyrylýar.

Professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren ylmy we taslama işleri hem-de täze başlangyçly önümleriniň nusgalary sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Bu sergi ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmakda we olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Ylmyň we önümçiligiň özara arabaglanyşygyny görkezýän bu sergi ýokary okuw jaýynyň halkara derejesindäki abraýyny has-da artdyrmaga itergi berdi.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu sergä gatnaşyp, uniwersitetiň ylmy-innowasion taslamalaryny görkezmäge döredilen şeýle mümkinçilikler üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza çäksiz hoşallyk bildirýäris. Goý, ýurdumyzyň ylmyny we bilimini belent sepgitlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz